Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak oppozisiýa partiýasy tussag etmelere protest bildirýär


Şu gün Gazagystanyň oppozisiýasy “syýasy repressiýalary” bes etmekligi talap edip, ýurduň liderine ýüzlendi.

Duşenbe güni howpsuzlyk gulluklarynyň Almatyda geçiren reýdleriniň netijesinde hasaba alynmadyk “Alga” partiýasynyň lideri Wladimir Kozlow hem-de garaşsyz “Wzglýad” gazetiniň redaktory Igor Winýawski tussag astyna alnypdy.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, howpsuzlyk gulluklarynyň bu reýdi 16-njy dekabrda Žanaözen şäherinde ýüz beren ganly çaknyşyklary derňemek işleri bilen baglanyşykly.

Şu gün 30-dan gowrak agzasynyň gol goýmagynda Sosial-demokratik partiýanyň ýaýradan ýüzlenmesinde 15-nji ýanwardaky parlament saýlawlaryndan öň oppozisiýany basyp ýatyrmak üçin häkimiýetleriň zorluk ulanandyklary aýdylýar.
XS
SM
MD
LG