Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýada öňki agentler diplomatik işlerden çetleşdirilýär


Bolgariýanyň häkimiýetleri sowet döwründe ýörite gulluklaryň agentleri bolup işlän häzirki 17 diplomatyň wezipesinden boşadylýandygyny mälim etdiler.

Öz dowründe gizlin gulluklaryň agentleri bolup işlän adamlaryň işini öwrenmek boýunça Bolgariýada ýörite komissiýa döredilipdi. Şol komissiýanyň 2010-njy ýylyň dekabyrynda beren maglumatlarynda bolgar diplomatlarynyň 40%-e golaýynyň sowet döwründe gizlin gulluklaryň agentleri bolup işländikleri aýdylýar.

Bolgariýanyň täze prezidenti Rosen Pnewneliýewiň ýurda ýolbaşçylyk edip başlaly bäri, ýurtda geçmişinde agent bolan diplomatlary wezipesinden çetleşdirmek meselesine çynlakaý girişildi. Ýurduň öňki prezidenti, sosialistik garaýyşly Georgiý Pyrwanow şeýle diplomatlary yzyna çagyrmakdan ýüz öwrüp gelipdi.

Bolgariýanyň daşary işler ministri Nikolaý Mladenow sowet döwründe ýörite gulluklaryň agentleri bolup işlän 17 diplomatyň geljek 3 hepdäniň dowamynda çalşyryljakdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG