Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Altyn Asyr" bazarynda söwda orunlarynyň tölegi azaldyldy


Şu ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, bazardaky söwda nokatlarynyň bahasy birneme kemeldildi.
Şu ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, bazardaky söwda nokatlarynyň bahasy birneme kemeldildi.
“Şäheriň çetinde ýerleşýän “Altyn Asyr” bazaryndaky harytlaryň nyrhy şäheriň içinde ýerleşýän bazarlardaky harytlaryň nyrhy bilen deň ýa-da gymmat. Şonuň üçin bu bazaryň alyjysy az”.

Bu mundan bir ýyl ozal gurlan “Altyn Asyr” bazarynyň satyjylaryndan Orazyň pikiri. Familiýasynyň efirde agzalmagyny islemeýän Orazyň aýdýanlaryny bazarda aýlanyp ýören hyrydarlaryň sanynyň azlygy hem tassyklaýar.

Geçen ýylyň fewral aýynda açylan 150 million dollarlyk “Altyn Asyr” gündogar bazary öňki jygyldyk bazarynyň ornuny tutar diýen umyt bardy. Şol wagt tep-tekiz edilen jygyldygyň satyjylaram munuň şeýle boljagyna umyt edýärdiler.

—Emma täze bazardaky dükanlaryň we söwda orunlarynyň töleginiň öňki jygyldyk bazaryndakydan has ýokary bolmagy bazaryň satyjylarynyňam, alyjylarynyňam sanyny köpeltmedi, gaýta, tersine, olaryň sanyny azaltdy—diýip, “Altyn Asyr” bazarynyň ýene bir satyjysy aýdýar.


Suratlar: "Altyn Asyr" söwda bazarynda, fewral, 2012.

Çölüň içinde mermer salgym ýaly bolup duran täze “Altyn Asyr” bazarynda öňki jygyldyk bilen deňeşdireniňde satyjylar üçinem, alyjylar üçinem has oňat amatlyklar döredilipdir. 100 gektar meýdany tutýan bu gipermarketde 2000-den gowrak söwda nokatlary ýagyndan goraýan ýapyk pawilionlaryň aşagynda ýerleşdirilipdir. Pawilionlaryň içi ýagty. Öňki jygyldyk bilen deňeşdirilende, haryt tekjeleriniň arasyndan geçýän ýodalar hem giň. Göräýmäge, söwda üçin iň amatly şertler döredilen ýaly. Emma, agzalýan bazar döredilenden bir ýyl geçensoň, şu günki gün bu bazaryň satyjylary söwda ýok diýip zeýrenýän bolsalar, hyrydarlar harytlaryň gymmatlygyndan nägile.

Harytlaryň bahasynyň gymmatlanlygyny satyjylaram boýun alýarlar, emma näme üçin gymmatlady diýlen soraga olaryň öz düşündirişi bar. “Altyn Asyr” bazaryndaky söwdager Oraz bu soraga şeýle jogap berdi.

—Meniň bazarda 1 metr 90 santimetrlik prilawka görnüşli, ýagny tekjeli söwda nokadym bar. Ilkibaşda bu söwda nokady üçin men aýda 220 manat töleýärdim, bu köne jygyldyk bazary bilen deňeşdirilende gaty gymmat. Köne jygyldyk bazarynda konteýner üçinem şonça tölenenokdy. Bary-ýogy aýda 120 manat tölemeli bolýardy. Prilawka meňzeş söwda nokady üçin bolsa bazar güni 4-5 manat tölenýärdi. Harytlaryň gymmatlamagynyň sebäbi söwda nokatlarynyň gymmatlamagyna degişli.

Dükanlaryň we söwda orunlarynyň arzanladylýandygy baradaky bildiriş
Dükanlaryň we söwda orunlarynyň arzanladylýandygy baradaky bildiriş


Bu baradaky şikaýatlar has köpelip, hyrydarlaryň hem satyjylaryň sany azalyp başlanson, şu ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, bazardaky söwda nokatlarynyň bahasy birneme kemeldilipdir. Satyjylaryň aýtmaklaryna görä, 1 metr 90 santimetrlik tekjeli söwda nokatlarynyň tölegi aýda 104 manada çenli arzanladylypdyr.

Şeýle-de 1 metr 50 santimetrlik tekjeleriň hem tölegi arzanladylypdyr. Geçen ýyl bu hili söwda nokady üçin aýdaky töleg 140 manat bolan bolsa, bu aýda 78 manada getirilipdir.

Orazyň pikiriçe, söwda nokatlarynyň tölegleriniň arzanladylmagy bilen bu bazaryň söwda ýagdaýy gowulanar. Emma edil häzirki ýagdaý göz öňüne alnanda onuň şeýle boljagyny aýtmak kyn.
XS
SM
MD
LG