Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň şäher sudy aktiwiste çykarylan höküm ýatyrdy


Çarşenbe güni Orsýetiň Smolensk şäheriniň sudy oppozisiýa aktiwisti Taisýa Osipowa 10 ýyl türme tussaglygyny bermek baradaky ozalky hökümi ýatyrdy.

Orsýetiň sudy şu geçen dekabrda “Drugaýa Rossiýa” atly oppozision hereketiň agzasy Taisýa Osipowany neşe maddasyna eýelik etmekde aýyplap, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

Orsýetli aktiwistler oňa bildirilen bu aýyplamalary syýasy matlaba esaslanýan aýyplama hasaplap, muňa garşy protest bildirip gelipdiler.

Smolensk şäheriniň sudy özüniň çarşenbe günki diňlenişiginde Taisýa Osipowa garşy ozalky hökümi ýatyryp, bu iş boýunça gaýtadan derňew işleriniň geçirilmegi barada höküm çykardy.

Taisýa Osipowanyň adamsy Sergeý Fomçenkow “Drugaýa Rossiýa” hereketiniň iň bir aktiw agzalaryndan biri. Köp aktiwistler onuň aýalyna garşy bildirilen aýyplamalary Sergeý Fomçenkowyň özüne basyş görkezmek üçin toslanyp tapylan iş diýip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG