Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEG-niň ekspertleri Eýrana bardylar


Halkara atom energiýasy gullugynyň Baş direktorynyň orunbasary Herman Nakerts
Halkara atom energiýasy gullugynyň Baş direktorynyň orunbasary Herman Nakerts
Birleşen Milletler Guramasynyň atom ekspertleri Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşik geçirmek üçin iki günlük Tährana bardylar.

Saparyň dowamynda ekspertleriň atom desgalaryna baryp-barmajakdygy barada entek takyk maglumat ýok.

Halkara atom energiýasy gullugynyň Baş direktorynyň orunbasary Herman Nakerts ýekşenbe güni şeýle çykyş etdi:

— Biz Tähranda gowy we konstruktiw günleri geçirmäge umyt edýäris. Biz ol ýere şu niýet bilen barýarys. Saparyň jemi boýunça biz käbir belli netijelere hem geleris.

Bu HAEG-niň ekspertleriniň soňky bir aýyň dowamynda Eýrana amala aşyrýan ikinji saparydyr.
XS
SM
MD
LG