Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda “Gmail” nyşana alynýar


Brauzer "Gmail" poçtasyny açyp bolmaýandygy barada habar berýär, Aşgabat, 20-nji fewral.
Brauzer "Gmail" poçtasyny açyp bolmaýandygy barada habar berýär, Aşgabat, 20-nji fewral.
Geçen hepdäniň ahyrynda Türkmenistanda “Google” kompaniýasynyň internet hyzmatlarynyň käbiri işlemän başlady diýlip, habar berilýär. Ýurtda mundan öň hem petiklenen web sahypalary az däldi. Emma internet läheňi “Google” kompaniýasynyň poçta hyzmatynyň petiklenip başlanmagy türkmen internet ulanyjylarynyň lapyny keç etdi. Bu ýagdaý barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurbanow gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy: Myrat, “Gmail” internet poçtasynyň Türkmenistanda açylmaýandygy aýdylýar, bu barada sizde nähili maglumatlar bar?

Myrat Gurbanow: Häzir “Google” kompaniýasynyň poçtasy bolan “Gmail” kompýuter arkaly açylanok. “Gmail” saýtynyň diňe baş sahypasy açylýar. Emma poçta girip bolmaýar. Brauzer şol sahypany açyp bolmaýandygy barada habar berýär. Emma mobil telefonda ulanylýan “Gmail” poçtasynyň ýörite programmasyndan oňa entek girip bolýar. Şeýle-de, tor ýa-da beýleki proksi serwerlerinden hem girmäge mümkinçilik bar.

Azatlyk Radiosy: Bu problema haçan ýüze çykyp başlady?

Myrat Gurbanow: “Gmail” 17-nji fewraldan açylman başlady. Ilkibada, bu tehniki näsazlyklar bilen bagly bolmagy ähtimal diýen pikirler bardy. Öňem käwagt şeýle bolýardy. Emma az wagtyň içinde ýene-de kadaly işläp başlaýardy. Emma eýýäm dört gün geçdi. “Gmail” bolsa açylanok. Mobil telefondaky “Gmail” hyzmatlarynyň ýörite programmasyndan we proksiden bolsa açylýar.

Azatlyk Radiosy: “Gmail” halk arasynda giňden ulanylýarmy?

Myrat Gurbanow: “Gmail” “Mail.Ru” sahypasynyň poçtasyndan has giňden ulanylýan poçta diýsem ýalňyşaryn. Türkmenistanda iň köp ulanylýan poçta “Mail.Ru”. Bu poçtada hasaba durup, halkyň arasynda giňden ýaýran “Mail.Ru” hyzmatlarynyň “Agent” programmasyndan peýdalanyp bolýar. “Agentde” biri-biri bilen tanşyp, habar alyşýan ýaşlar örän köp. Emma “Gmail” poçtasy mugt elektron poçtalarynyň arasynda iň ygtybarlysy hasaplanýar. Şonuň üçin ygtybarly, durnukly elektron poçtasyny ulanmak isleýän türkmenistanlylar “Gmail” poçta hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. “Gmail” poçtasyny ulanýanlaryň arasynda graždan aktiwistleri, garaşsyz žurnalistler hem az däl.

Azatlyk Radiosy: Onuň petiklenmegi ýurda we Türkmenistandaky internet ulanyjylara nahili täsirini ýetirer?

Myrat Gurbanow: “Gmail” poçtasynyň petiklenmegi bilen türkmenistanlylar ygtybarly mugt elektron poçtalarynyň birinden mahrum bolýarlar. “Gmail” diňe bir özüniň ygtybarlylygy bilen tapawutlanman, eýsem türkmen interneti üçin amatlylygy bilen hem tapawutlanýar. “Gmail” sahypalarynda grafiki şekilleriň az bolmagy türkmen internetiniň tizliginde bu poçtany has çalt açmaga hem-de trafigi belli bir derejede tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Emma, elbetde, haýsyda bolsa bir zat gadagan edilse, onuň ornuny tutup biljek başga zat bar.

Azatlyk Radiosy: “Gmail” poçtasyndan basga-da käbir beýleki saýtlaryň açylmaýanlygy aýdylyar, olar haýsy saýtlardan ybarat?

Myrat Gurbanow: Ýurtda açylmaýan websaýtlar az däl. Olaryň hemmesini sanap geçmek mümkin däl. Ýöne men olaryň käbirleriniň adyny agzap geçeýin. Ilki bilen “Azatlyk Radiosy”, “Hronika Turkmenistana”, “Gündogar”, “Ýewraziýa.net”, “Fergana.ru”, “Turkmeninform” saýtlary elmydama petiklenen. Käwagt bu “gara sanawa” beýleki informasion web sahypalary hem wagtlaýynça düşýär. Meselem, bir döwür Orsýetiň “Regnum” informasion saýty petiklendi. Soň ol açyldy. Sosial aragatnaşyk sahypalary “Facebook”, “Twitter” hem petiklendi. “Youtube” hem aram-aram petiklenýär.

Azatlyk Radiosy: Häzir web sahypalaryndan başga-da petiklenen internet hyzmatlary barmy?

Myrat Gurbanow: Mobil telefonlary üçin ygtybarly brauzer hasaplanýan “Opera Mini” petiklendi, şeýle hem "Google" kompaniýasyna degişli “Android” smartfon operasion sistemasynyň market hyzmaty açylmaýar. Internet ulanyjylary bu marketden ýörite programmalary indirip, olary dürli maksatlar üçin ulanýardylar. Ýöne edil häzir düşnüksiz bir ýagdaý bar: käbir ulanyjylar “Gmail” hyzmatlarynyň kompýuterde açylyp, mobil telefonda açylmaýandygyny, käbirleri bolsa munuň tersinedigini aýdýarlar. Beýlekiler bolsa ikisinde-de açylmaýanlygyndan zeýrenýärler.
XS
SM
MD
LG