Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Halmyrat Gylyçdurdyýew agyr keselden soň, 22-nji fewralda 72 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Halmyrat Gylyçdurdyýewiň ömür ýoly Türkmenistanyň medeniýeti bilen baglanyşyklydyr. Ol türkmen teatr sungatyna, milli telewideniýesine hem-de kinomotografiýasyna saldamly goşant goşan şahsyýet hökmünde tanalýar.
Halmyrat Gylyçdurdyýew ömrüniň soňky ýyllaryny žurnalistika bagş etdi we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen birnäçe ýyllap hyzmatdaşlyk etdi.
Žurnalistika işi sebäpli türkmen häkimiýetleriniň yzygiderli gysyşlaryna garamazdan, ol türkmen halkyna garaşsyz maglumatlary ýetirmek üçin janyny gaýgyrman zähmet çekdi.
Halmyrat Gylyçdurdyýew 1940-njy ýylyň 31-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Onuň yzynda aýaly we çagalary galdy.
Azatlyk Radiosynyň işgärleri Türkmen gullugynyň baýry žurnalisti Halmyrat Gylyçdurdyýewiň ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirýär. Ýatan ýeri ýagty bolsun!

Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok