Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurhan ýakylmagy bilen bagly çaknyşyklarda NATO-nyň iki esgeri öldürildi


Kabulda, 23-nji fewral.
NATO-nyň bazasynda, ABŞ-nyň resmileriniň aýdyşy ýaly, Gurhanyň “tötänlikden” ýakylmagy bilen tutaşan çaknyşyklaryň üçünji gününde NATO-nyň iki esgeri we owgan protestçileriniň azyndan üçüsi öldi.

NATO-nyň aýtmagyna görä, bu esgerler Owganystanyň gündogarynda owgan milli goşunynyň geýiminde bolan bir adam tarapyndan penşenbe güni atylyp öldürilipdir.

Bu hüjüm “Talybanyň” birnäçe sagat öň owganystanlylara ýüzlenip, daşary ýurtlylaryň harby bazalaryna we esgerlerine garşy hüjüm etmäge çagyryş edenlerinden soň ýüz berdi.

“Talyban” duşenbe güni Bagram uçar bazasynda halkara güýçleriniň esgerleri tarapyndan Gurhanyň ýakylmagy sebäpli ar almak üçin “olary öldürmäge, ýençmäge hem-de gabamaga” adamlary çagyrdylar.

NATO-nyň esgerleri Nangaharyň Hogýani etrabynda ABŞ-nyň harby bazasynyň ýanynda tüpeň bilen ýaraglanan protestçiler baza hüjüm etmäge synanyşanlarynda öldürildi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Karzaýa resmi ötünç hatyny ýollady. Ol bu hatynda dini esbaplara “tötänlikden nädogry çemeleşilendigini” hem-de doly derňewden soň degişli adamlaryň muňa jogap berjekdigini söz berdi.
XS
SM
MD
LG