Duşenbe güni Moskwanyň şäher sudy 2009-njy ýylda türmede ölen ýurist Sergeý Magnitskiniň ölümi bilen baglanyşykly jenaýat-derňew işleriniň alnyp barylmagyny dogry we kanuny diýip tapdy hem-de ony dowam etdirmeli diýip karar çykardy.
Duşenbe güni geçirilen diňlenişikde Moskwanyň sudy Sergeý Magnitskiniň dogan-garyndaşlarynyň bu iş boýunça derňewleri bes etmek baradaky haýyşyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi.
37 ýaşly Sergeý Magnitskiý 2008-nji ýylda Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň käbir resmilerini korrupsiýada aýyplamagynyň yzy bilen, gümürtik ýagdaýlarda tussag edilipdi. 2009-njy ýylyň ahyrynda bolsa, ol saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy netijesinde türmede aradan çykypdy.