Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet türkmen-rus goşa raýatlygynyň ýatyrylmagyny ykrar etmeýär


4-nji martda Orsýet Federasiýasynyň prezidentiniň saýlawlary geçiriler. Ses berişlige Orsýetiň Türkmenstandaky raýatlary hem gatnaşyp bilerler.

Azatlyk Radiosy ses berişlik düzgünleri we aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maslahatçy wekili Alekseý Demin bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi Gözel Hudaýberdiýewa geçirdi.

Azatlyk Radiosy: 4-nji martda Orsýet Federasiýasynyň prezidentiniň saýlawlary güni ses berişligiň Türkmenistanda hem geçiriljegi habar berilýär. Bu ses berişlik nähili geçiriler?

Alekseý Demin: Orsýet Federasiýasynyň prezidentiniň saýlawlary baradaky kanuna laýyklykda we türkmen häkimýetleri bilen ylalaşyk esasynda Türkmenstanyň giňişliginde jemi 5 sany saýlaw uçastogy açyldy. Olar Aşgabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda, Maryda we Türkmenbaşyda ýerleşýär.

Ses berişlige görýän taýýarlyklarymyzda türkmen häkimiýetleri bize uly ýardam berýärler. Aşgabatda we Türkmenbaşyda ses berişlik Orsýetiň ilçihanasynda we konsulhanasynda geçiriler, Maryda, Türkmenabatda we Daşoguzda ses berişlik welaýat häkimliklerinde gurnalar. Türkmen tarapy bize şol ses berişlik uçastoklarynda guramaçylyk taýdan ýardam berýär we kabinalar, gutular bilen üpjün edýär.

Azatlyk Radiosy: Ses berijiler ses berişlige öňünden kesgitlenen sanawlar esasynda gatnaşarmy? Ses berijileriň sany näçe?

Orsýetiň raýatlygyny alan adamlar boýunça sanlaryň 40 müňden ýokarydygyny aýdyp biljek. Bizde 90 müň diýen sanlar hem bar. Emma bu sanlar hem köneldi.
Alekseý Demin

Alekseý Demin: Gynansak-da, bizde başga ýurtlarda bolşy ýaly, öňünden kesgitlenen sanawlar ýok. Sanawlary düzmek mümkin däl, sebäbi konsulhananyň hasabyna durmaklyk meýletin iş bolansoň, diňe islän adam hasaba durýar. Bizde diňe Orsýetiň raýatlygyny alan adamlaryň hasaby ýöredilýär, emma olaryň hemmesiniň Türkmenistanda ýaşaýanlygyny aýdyp bolmaýar, olaryň arasynda ýurduň daşyna çykanlar hem az däl.

Orsýetiň ýakynda geçirilen parlament saýlawlaryny mysal hökmünde getirsek, 2011-nji ýylyň dekabr aýynyň şol saýlawlaryna Türkmenistanda 1,755 adam gatnaşdy.

Azatlyk Radiosy: Orsýet raýatlarynyň Türkmenistandaky sany näçe?

Alekseý Demin: Bizde takyk sanlaryň ýokdugyny ýene bir gezek belläsim gelýär. Emma Orsýetiň raýatlygyny alan adamlar boýunça sanlaryň 40 müňden ýokarydygyny aýdyp biljek. Bizde 90 müň diýen sanlar hem bar. Emma bu sanlar hem köneldi. Umuman, hasap meselesi örän çylşyrymly meseledir.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagtda Türkmenistanda Orsýetiň raýatlygyny sorap, ilçihana ýüzlenýän barmy?

Alekseý Demin: Howa, ýüzlenýärler. Köne pasportlaryny täzeleýänler hem bar.

Azatlyk Radiosy: 2003-nji ýylda Türkmenistan Orsýet bilen 1993-nji ýylda baglaşan goşa raýatlyk ylalaşygyny ýatyrmak barada şertnama gol çekdi we ylalaşykdan çykdy. Emma Orsýet türkmenistanlylara Orsýetiň raýatlygyny bermegini dowam etdirýär? Muňa näme sebäp bolýar?

Bu ýerde türkmen tarapynyň goşa raýatlyk ylalaşygyndan bir taraplaýyn çykmagy barada gürrüň gidýär. Biz bolsa şol ylalaşyk güýjünde galýar diýip, hasap edýäris.
Alekseý Demin

Alekseý Demin: Bu ýerde türkmen tarapynyň goşa raýatlyk ylalaşygyndan bir taraplaýyn çykmagy barada gürrüň gidýär. Biz bolsa şol ylalaşyk güýjünde galýar diýip, hasap edýäris. Bu meselede çözülmedik ýuridiki pursatlar bar.

Bir aýa golaý wagt mundan öň Aşgabatda Türkmenistan bilen Orsýetiň Daşary işler ministrlikleri derejesinde konsultasion maslahatlar geçirildi. Bu gepleşikleriň agyr geçenligini aýdyp biljek. Taraplaryň arasynda gepleşikleri ikinji tapgyrda Moskwada dowam etdirmek ylalaşyga gelindi.

Azatlyk Radiosy: Türkmen-Orsýet gepleşiklerindäki gapma-garşylyk nämeden ybarat? Taraplar näme barada ylalaşmaýarlar?

Alekseý Demin: By ýerde gapma-garşylyk däl-de, ýuridiki taýdan bir aýratynlyk bar. Ylalaşykdan çykmak islän ýurt beýleki tarapa 6 aý öňünden duýduryş bermeli. Onsoň goşa raýatlygy ýatyrmak barada ylalaşyga gol çekilende ylalaşygyň ýatyrylmagy üçin ýurtlaryň parlament derejesinde tassyklanmagy göz öňünde tutulypdy. Bu Türkmenistan tarapyndan berjaý edildi. Emma Orsýet tarapyndan berjaý edilmänsoň, biz bu ylalaşyga güýjünde galýan ylalaşyk hökmünde garaýarys.

Umuman, bu ylalaşygyň ýatyrylmagy syýasy karar bolupdy. Häzirki wagtda bu ylalaşygyň ýatyrylmagy üçin türkmen tarapy ors tarapyny 6 aý öňünden habarly edip, ýuridiki düzgünleri berjaý etmeli. Türkmen tarapy bolsa mundan ýüz öwrüp, bar düzgünleri eýýäm berjaý edenligini aýdýar.
XS
SM
MD
LG