Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ors raýatlary Gürjüstana wizasyz baryp bilerler


Tbilisiniň aeroporty
Tbilisiniň aeroporty
Tbilisiden gowşan maglumatda Gürjüstanyň ors raýatlaryna wiza düzgünini ýatyrandygy aýdylýar. Bu barada prezident Mihail Saakaşwili ýurduň parlamentinde eden çykyşynda mälim etdi diýlip, habar berilýär.

Indi Orsýetiň raýatlary Gürjüstana wizasyz baryp, bu ýurtda 90 günläp galyp bilýärler.

Şu çaka çenli Orsýetiň raýatlary Gürjüstana barmak üçin aeroportda 30 dollara wiza satyn almalydylar.

Gürjüstanyň raýatlaryna bolsa Orsýete barmak üçin wiza zerur.

Gürjüstan bilen Orýetiň arasyndaky gatnaşyklar 2008-nji ýylyň awgusta aýynda bolan ýaragly konfliktden soň doly ýatyrylypdy.
XS
SM
MD
LG