Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň derman otlary baradaky üçünji kitaby çap edildi


Türkmenistanyň prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, medisina ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň derman otlary baradaky ylmy işiniň dowamynyň çap edilendigini türkmen metbugaty habar berýär.

“Türkmenistanyň derman otlary” ady bilen bu ensiklopediýa üç kitapdan ybarat bolup, ol türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde çap edildi.

Bu ensiklopediýanyň üçünji kitabynda elipbiý tertibinde ýerleşdirilen derman otlary barada maglumatlar berilýär.

Onuň birinji we ikinji kitaplarynda derman otlary barada maglumatlar bilen bir hatarda soňky döwürde “Türkmenistanyň medisinasynyň gazanan ösüşlerine” syn berilýärdi.

Mundan ozal Berdimuhamedowyň awtorlygynda ahal-teke bedewleri we türkmen halylary baradaky kitaplar hem çap edilipdi.
XS
SM
MD
LG