Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda “Facebook” saýty heniz hem petikli


Täjigistanda “Facebook” we beýleki saýtlaryň ençemesi heniz hem petikli. Ýurduň bir resmisi olaryň petiklenmeginiň milli howpsuzlyk aladalary bilen bagly bolmagynyň mümkindigi aýdýar.

Täjigistanda “Facebook” we ors dilindäki “centrasia.ru”, “tjk.news.com”, “zvezda.ru” we “maxala.org” internet saýtlary döwlet eýeçiligindäki aragatnaşyk gullugy tarapyndan 3-nji martda petiklendi.

Täjigistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky wekili Nuriddin Şamsowyň öz beýanatynda aýtmagyna görä, internet saýtlary we media öz hereketleri üçin “jogap bermelidirler”.

Şamsow hökümetiň milli howpsuzlygy üpjün etmäge we kiber jenaýatlaryna garşy göreşmäge borçludygyny hem aýdýar.

Şu hepdäniň başlarynda ÝHHG Täjigistany interneti petiklemegi bes etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG