Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saza görä hiňlenme


Berdimuhamedowyň gitara çalmakda görkezýän ussatlygy hem adam hukuklary babatda ýiti soraglaryň soralmagynyň öňüni alyp bilmedi.
Berdimuhamedowyň gitara çalmakda görkezýän ussatlygy hem adam hukuklary babatda ýiti soraglaryň soralmagynyň öňüni alyp bilmedi.
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň 28 dilde gepleşikleri taýýarlaýan gulluklaryna öz işleýän ýurtlarynyň hökümet resmileriniň "şarpyk çalmagy" köp duş gelýän hadysa. Olaryň arasynda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň aram-aram edýän kinaýaly belligini ýa-da Eýranyň we Özbegistanyň awtokrat resmileriniň RFE/RL-niň galp websaýtlaryny döretmegini görkezmek bolar.

Ýöne geçen anna güni RFE/RL-niň, Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň žurnalistlerine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasarynyň BMG-de geçirilen ýygnakda adam hukuklary babatda bassyr-ýussurlyk edişini eşitmek nesip etdi. BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň ýygnagyna gatnaşan ekspertler döwletiň garaşsyz metbugata, şol sanda Azatlyk Radiosyna bolan garaýyşlary babatda hökümet delegasiýasyna ýiti soraglary berip, resmileri aljyratdylar.

Anna güni geçirilen diňlenişige köp wagtlap garaşyldy. Türkmenistan Graždan we syýasy hukuklar boýunça Halkara şertnamasyna 1997-nji ýylda gol goýupdy we 1998-nji ýylda şertnama esasynda hasabat bermelidi. Aşgabadyň hasabaty 14 ýyl gijä galdy.

Haçan-da BMG-niň komitetinde RFE/RL ýaly garaşsyz media serişdeleri barada soraglar berlende, türkmen delegasiýasy goranyş pozisiýasyna geçdi.

“Olar (Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary) Türkmenistanda bolup geçýän wakalar barada yzygiderli maglumat berýärler, adam hukuklary barada hem maglumat berýärler, olar birek-birek bilen pikir alyşýarlar” diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew Komitetde eden çykyşynda aýtdy. Ol soňra ýene-de şeýle diýdi: “Haçanda, žurnalistika barada gürrüň edilende, bu başgaça bolýar. Adamlara maglumat ýygnamaga we olary ýaýratmaga rugsat berilýär. Bu hukukdan Azatlyk Radiosy hem peýdalanýar”.

Bu aýdylýanlar RFE/RL-niň korrespondenti Döwletmyrat Ýazgulyýewe täzelik bolup görünse gerek, çünki ol Abadan şäherinde ýarag ammarynda ýüz beren we onlarça adamyň ölümine sebäp bolan partlama barada reportaž bereninden soň, 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda tussag edilip, bäş ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Soňra halkara guramalaryň we ABŞ-nyň berk diplomatik basyşlary bilen, türkmen hökümeti bu işe täzeden seredip, Ýazgulyýewiň ‘günäsini’ geçdi. Şondan soň ol azatlyga goýberildi.

Emma Ýazgulyýewiň ýüzbe-ýüz bolan kynçylygy, Azatlyk Radiosyna maglumat beren bäherdenli aktiwist Sazak Durdymyradowyňky bilen deňeşdireniňde, bärden gaýdýar. Ol 2009-njy ýylyň iýun aýynda tussag edilip, “Türkmen GULAG-y” adyna eýe bolan ruhy hassahana ýerleşdirildi. Şol ýerde ol häkimiýetler tarapyndan erbet gynaldy.

Eger-de diri galan bolsa, RFE/RL-iň habarçysy bolup işlän we 2006-njy ýylda toslama aýyplama bildirilip türmä salnan we şol ýerde ýogalan Ogulsapar Myradowa Hajyýewiň BMG-ä beren jogaplary barada birki agyz aýdardy. Mundan öň hökümetiň “Myradowa öz ajalyna öldi” diýen resmi jogabyndan tapawutlylykda, Hajyýew anna güni geçirilen diňlenişikde “Myradowa öz janyna kast etdi” diýdi. Onuň ýogalan wagty adam hukuklary boýunça ”Türkmen Helsinki Fondy” (THF), Myradowanyň çagalaryna salgylanyp, olaryň ejesiniň jesedi getirilende, merhumyň kellesinde “uly ýara yzynyň”, boýnunda bolsa garamtyl tegmiliň bardygyny aýdypdy. THF Myradowanyň ölümine “syýasy öldürme” diýip baha beripdi.

Elbetde, birnäçe obýektiw çärelerden çen tutulsa, Türkmenistan media babatda dünýäde iň ýapyk iki ýa-da üç döwletiň hatarynda durýar. Soňky üç ýylyň dowamynda ABŞ-daky hökümetden aýry “Freedom House” guramasy metbugat azatlygynyň ýyllyk görkezijisinde Türkmenistany yzdan ikinji orunda, Demirgazyk Koreýanyň öň ýanynda goýdy. Fransiýada ýerleşýän “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy metbugat azatlygynyň görkezijisi boýunça hasabatlarynda Türkmenistany soňky bäş ýylyň dowamynda yzdan üçünji orunda ýerleşdirdi.

Adam hukuklary boýunça Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory Weronika Goldstonyň aýtmagyna görä, diňlenişik türkmen hökümetiniň adam hukuklary babatdaky garaýşynyň “düýbünden boýun almazlyk” häsiýetindedigini görkezipdir.

Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumat bermekde erkindiklerini yglan etmek bilen, Hajyýew öz hökümetiniň Azatlyk Radiosynyň ýurtdaky gaýduwsyz habarçylaryna garşy repressiýalary we ýanamalary ulanýandygy baradaky aýdylýanlara gümürtik jogap berdi. Ol ýurtdaky ýerli korrespondentleriň hökümetiň resmi akkreditasiýasyny almazdan iş alyp barýandyklaryny hem belläp, olary hakyna tutulanlar we kanun bozujylar hökmünde häsiýetlendirdi.

Hajyýew bu ugurda: “Eger-de olar öz alyp barýan işlerini žurnalistika diýip hasap edýän bolsalar, onda bu kanunçylyga laýyk gelmeýär... Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary nädogry maglumatlary berýärler. Olar muny pul üçin edýärler” diýdi.

“Soňky bäş ýylyň dowamynda biz öz žurnalistlerimize resmi akkreditasiýa almak üçin üç gezek ýüz tutduk” diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň direktory Muhammad Tahir “Off Mic” rubrikasyna aýtdy. “Biz Türkmenistanyň hökümetinden akkreditasiýa almaga hemişe gyzyklanma bildirip gelýäris. Elbetde, biz öz žurnalistlerimiziň kanuny esasda, erkin we gorkusyz habar berip bilmeklerine mümkinçiligiň döredilmegini isleýäris”.

Tahir türkmen resmisi Hajyýewiň Azatlyk Radiosynyň žurnalistleriniň “pul üçin edýärler” diýen sözlerine has hem geň galdy: “Näme üçin biziň professional žurnalistlerimiz bäş şaýy üçin tussag edilmek, gynalmak we ölüm howpy bilen ýüzbe-ýüz bolsunlar?! Muňa ynanmak juda kyn. Biziň işgärlerimiz bu işi Türkmenistanda dogry maglumatlaryň erkin ýaýramagy we sagdyn graždan jemgyýetiniň döremegi üçin edýärler”.

BMG-niň Komitetiniň käbir agzalarynyň Hajyýewiň beren jogaplaryndan göwünleri suw içmedik bolara çemeli. “Hakykatyň hatyrasyna aýtmaly bolsa, alada bildirilýän meseleler heniz hem saklanyp galýar” diýip, bu Komitetiň Şwesiýadan bolan agzasy Krister Telin türkmen delegasiýasyna aýtdy.

Bular diňe wakalardan käbirleri...

Kortneý Rouz Bruks Azatlyk Radiosynyň BMG-däki habarçysy.
XS
SM
MD
LG