Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň ozalky wise-prezidenti Dik Çeýniniň ýüregine operasiýa edilip, oňa donor ýüreginiň goýlandygy barada maglumat alyndy.
Maglumata görä, oňa şeýle operasiýa Wirjiniýanyň keselhanasynda edilipdir. Dik Çeýni mundan ozal yzygiderli ýürek keselinden ejir çekip gelipdi. Ol bäş infarkty başdan geçirdi.
Dik Çeýni Jorj Buşuň ýurda prezidentlik eden ýyllarynda wise-prezident bolup işledi. Ol Yrakda we Owganystanda ýola goýlan harby hereketleriň esasy ideologlaryndan biri hasaplanylýar.