Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Osetiýada gaýtadan prezidentlik saýlawlary geçirildi


Ýekşenbe güni Gürjüstanyň separatistik regiony bolan Günorta Osetiýa regionynda gaýtadan prezidentlik saýlawlary geçirildi.

Geçen ýylyň 27-nji noýabrynda geçirilen ozalky prezidentlik saýlawlarynda oppozisiýadan dalaşgär Alla Jiýoýewanyň sesleriň aglaba köpçüligine eýe bolmagynyň yzy bilen, regionyň Ýokary sudy bu saýlawlaryň netijesini güýçsüz diýip yglan edipdi.

Gaýtadan geçirilen ýekşenbe günki prezidentlik saýlawlaryndaky dört dalaşgärden hiç birem ozalky dalaşgärler däl. Bu saýlawlaryň resmi netijesi ýakyň günlerde yglan ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG