Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň paýtagtyna arap ýurtlarynyň liderleri ýygnandylar


Penşenbe güni Yragyň paýtagty Bagdatda Arap Ligasynyň sammiti açyldy. Munuň özi Yragyň ozalky diktator lideri Saddam Husseýniň goşunlarynyň 1990-njy ýylda Kuweýte eden hüjüminden bäri bu ýurtda Arap Ligasynyň geçirýän ilkinji sammitidir.

Bagdadyň aýratyn goragly “Ýaşyl zonasynda” geçirilýän bu sammite Arap Ligasyna girýän 22 ýurtdan 10-synyň döwlet liderleri we beýleki agza ýurtlardanam ýokary derejeli hökümet resmileri gatnaşýarlar.

Kuweýtiň döwlet lideri Şeýh Sabah al-Ahmad al-Sabahyň bu sammite barmagy Kuweýtiň döwlet lideriniň 1990-njy ýyldan bäri Yraga edýän ilkinji sapary hökmünde alamatlandy.

Bagdatdaky sammitde Siriýadaky krizisler bilen bir hatarda, regional hyzmatdaşlyk meseleleri barada-da maslahat ediler.
XS
SM
MD
LG