Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanly çakyr öndürijiler musulmanlardan ötünç sorady


Gazagystanda wodka çüýşeleriniň daşyna “Gurhanyň” aýatyndan bir bölek ýazgyny çap eden çakyr zawodynyň resmileri penşenbe güni bu iş üçin resmi ötünç soradylar.

Penşenbe güni Gazagystan musulmanlarynyň Baş müftüsi Absattar Derbisaliýew Almaty şäheriniň merkezi metjidindäki dindarlaryň öňünde bu çakyr zawodynyň başlygynyň ötünç sorap ýazan hatyny okady.

Bu hatda wodka çüýşeleriniň ýüzüne ýazylan “Allanyň emri hemmeler üçin ýeterlikdir” diýlen ýazgynyň arap dilinde bolandygy üçin, onuň hakyky manysyna düşünmän, özleriniň ýalňyşlyk goýberendikleri aýdylýar.

Şu hepde Gazagystanyň Semeý şäherinde ýüzüne şeýle ýazgy ýazylan wodka önümleriniň çykarylmagy ýerli musulmanlaryň arasynda uly nägilelik döredipdi.
XS
SM
MD
LG