Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatarystanyň içeri işler ministri wezipesinden çekilýär


Kazanyň polisiýa edaralarynda adam ölümine getiren wakalar bilen baglanyşykly Tatarystan respublikasynyň içeri işler ministri Asgat Safarowyň wezipesinden çekilmek barada penşenbe güni arzasyny berendigi hakynda maglumat alyndy.

Ýakynda Kazanyň polisiýa edarasynda 52 ýaşly Sergeý Nazarowyň jynsy taýdan zorlukly gynamalar netijesinde ölmeginiň yzy bilen, ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler Tatarystanyň içeri işler ministriniň wezipesinden çekilmegine çagyryş edip, çykyş etdiler.

Şuňa meňzeş başga-da gynamalar bilen baglanyşykly wakalarda aýyplanyp, soňky wagtlar Kazan şäherinde jemi 5 polisiýa işgäri jenaýat jogapkärçiligine çekildi.
XS
SM
MD
LG