Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň Genje şäherindäki atyşyklarda bir adam öldi


Anna güni Azerbaýjanyň Genje şäherinde polisiýa güýçleri bilen ýaragly bir toparyň arasynda bolan çaknyşykda bir adamyň ölüp, ençeme adamyň ýaralanandygy barada maglumat alyndy.

Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň ýerli habarçysy anna güni Genje şäherindäki bir köp gatly ýaşaýyş jaýynyň içinde gizlenen ýaragly adamlaryň howpsuzlyk güýçlerine garşy ok atyp, garşylyk görkezendiklerini habar berdi.

Polisiýanyň soňky maglumatyna görä, anna güni bu operasiýada birnäçe ýaragly adam tussag edilipdir. Atyşyklarda bir polisiýa işgäriniň ölüp, bäşisiniňem ýaralanandygy habar berilýär.

Ýöne Azerbaýjanyň polisiýasy tussag edilen adamlaryň kimlerdikleri we atyşyklaryň nähili ýagdaýda ýüze çykandygy barada anyk maglumat ýaýratmady.
XS
SM
MD
LG