Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň hökümeti oppozisiýadan ýazmaça kepil almak isleýär


Ýekşenbe güni Siriýanyň hökümeti öz goşunlaryny ýurduň şäherlerinden yza çekmezinden öň, oppozision güýçleriň hüjümden saklanjakdyklary barada oppozisiýadan ýazmaça kepil almak isleýändigini mälim etdi.

Mundan ozal Siriýanyň hökümeti 10-njy aprelden başlap BMG-niň we Arap Ligasynyň parahatçylyk planlaryny durmuşa geçirip başlamaklyga borçlanypdy.

Ýöne Siriýanyň Daşary işler ministrligi özüniň ýekşenbe günki beýanatynda hökümet güýçleriniň şäherlerden çykjakdyklary barada ozalky peýda bolan maglumatyň “nädogry düşündiriş” berlen maglumatdygyny öňe sürdi.

Soňky birnäçe günüň dowamynda bu ýurduň Idlib we Aleppo prowinsiýalarynda hem-de Hama şäherinde amala aşyrylan hüjümlerde 160 töweregi adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG