11-nji aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Kofi Annan Siriýanyň esasy ýarany Eýrandan Siriýadaky zorlygy bes etmek baradaky öz planyny goldamagy haýyş etdi we “geljekde bu konfliktiň harbylaşdyrylmagynyň weýrançylyga getirip biljekdigini” aýtdy.
Bu barada Kofi Annan Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi bilen Tähranda duşuşandan soňra žurnalistlere aýtdy. Kofi Annanyň Siriýadaky zorlygy bes etmek baradaky planyna görä, Damask öz harbylaryny, tanklaryny şäherlerden çykarmaly we hökümet güýçleri hem gozgalaňçylar özara atyşyklary bes etmeli.
Eýranyň daşary işler ministri Salehiniň aýtmagyna görä, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Siriýadaky konfliktiň ýagdaýyna garamazdan, häkimiýet başynda galmaly. Ol Başar al-Assadyň häkimiýetden çetleşdirilmeginiň Siriýada “häkimiýet boşlugyny” döretjekdigini duýduryp, munuň soňunyň örän ýaramaz bolmagynyň mümkindigini belledi.