Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa barada Howpsuzlyk Geňeşiniň kararyna garaşylýar


Siriýadaky ýaraşyk şenbede üçünji gününe girdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýada atyşygyň bes edilmegine gözegçilik etjek harby synçylar baradaky rezolýusiýany sese goýmagyna garaşylýar.

Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary anna güni ABŞ we onuň ýaranlary hem Orsýet tarapyndan hödürlenýän basdaş taslamalar barada ýapyk gapylaryň arkasynda birnäçe sagatlap maslahat etdi.

Halkara ilçisi Kofi Annanyň sözçüsi Ahmad Fawzi Ženeweda bolan metbugat ýygnagynda 10-12 synçydan ybarat kämilleşdirilen toparyň şenbe güni boljak ses berişlige garaşyp, Siriýa ugramaga taýýar bolup durandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG