Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň kommunistleri türkmen kommunistiniň aladasynda


Ýewgeniý Kopyşew: “Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň Serdar Rahymowyň hatda nähili şertlerde saklanýanlygy barada-da maglumat bermekden saklanmaklary ýoldaşymyzyň hatda diriligine-de şübhe döredýär”.
Ýewgeniý Kopyşew: “Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň Serdar Rahymowyň hatda nähili şertlerde saklanýanlygy barada-da maglumat bermekden saklanmaklary ýoldaşymyzyň hatda diriligine-de şübhe döredýär”.
Orsýetiň Kommunistik partiýasynyň ýanyndaky sowet ofiserleriniň halkara we orsýet bileleşikleri Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň adyna ýüzlenme gönderdi. 14-nji aprelde ýaýradylan bu ýüzlenmede Türkmenistanda resmi registrasiýa edilmedik Kommunistik partiýanyň ozalky başlygy, 2002-nji ýylda tussag edilen Serdar Rahymowyň türmeden boşadylmagy tutanýerlilik bilen talap edilýär. Azatlyk Radiosy bu ýüzlenmäniň inisiatory, “Sowet ofiserleriniň halkara bileleşiginiň” müdiri, Orsýetiň Kommunistik partiýasynyň agzasy, howa güýçleriniň general-maýory Ýewgeniý Kopyşew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý Iwanowiç, Türkmenistanyň prezidentine şeýle ýüzlenme ýazmaga näme itergi berdi?

Ýewgeniý Kopyşew: Ýoldaşlarymyzy goramagy biz wajyp borjumyz hasap edýäris. Serdar Rahymow 2002-nji ýylyň dekabr aýynda, hamala, S. Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşanlygy üçin tussag edilipdi, oňa 25 ýyl iş kesilipdi. Ol öz düşen häzirki ýagdaýynda özüniň nirededigini ýakyn hossarlaryna-da habar berip bilmeýär, hat alşyp hem bilmeýär.

Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň bu ýurduň demokratik döwletdigini aýdýan bir wagtynda, olaryň öz raýatyna garşy edýän şeýle zalymlygy dünýäniň hiç bir siwilizlenen ýa demokratik döwletinde göze ilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Siz bu hereketiňiz arkaly näme gazanmak isleýärsiňiz?

Ýewgeniý Kopyşew: Biz öz ýoldaşymyzyň şeýle yzarlanmagyna çürt-kesik garşy çykyş edýäris. Biz Serdar Rahymowy syýasy tussag hasaplaýarys we onuň derhal boşadylmagyny talap edýäris.

Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň Serdar Rahymowyň hatda nähili şertlerde saklanýanlygy barada-da maglumat bermekden saklanmaklary ýoldaşymyzyň hatda diriligine-de şübhe döredýär. Serdar Rahymowyň aýaly Artykgül Çaryýewna, ogly Myrat, gyzy Aýna we agtyklary Nurmyrat we Dinmuhammet ençeme ýyl bäri adalatlylyga umyt edip gelýärler.

Eger Türkmenistanyň hökümeti Serdar Rahymowy türmeden boşadyp bilmeýän bolsa, hiç bolmanda onuň nirededigini bir aýdyp bilerdi. Türkmen ýolbaşçylary “Rahymow, ine, şu ýerde saklanýar, ol diri we sag” diýmeli ahyryn.

Maňa Türkmenistandan bir gezek jogap hem berlipdi, ýagny “Günä geçiş komissiýasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Serdar Rahymowyň işine garar” diýip, jogap geldi. Emma mundan netije bolmady. Komissiýanyň nämä garanlygy we nähili netijä gelenligi barada jogap bolmady.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň Kompartiýasy Serdar Rahymowy goldamak üçin nähili çäreleri amala aşyrdy?

Ýewgeniý Kopyşew: Biz 2002-nji ýyldan bäri, ýagny Serdar Rahymow tussag edilip, gizlinlikde saklanyp başlanaly bäri, türkmen häkimiýetlerine ýüzlenip gelýäris.

Postsowet ýurtlarynda hereket edýän Kommunistik partiýalaryň adyndan, “Sowet ofiserleriniň halkara bileleşiginiň” adyndan Türkmenistanyň häkimiýetlerine ençeme hat ýolladyk. Türkmenistanyň öňki prezidentini şahsy taýdan tanaýan Orsýetiň Kompartiýasynyň tanymal wekili Ýegor Kuzmiç Ligaçýow hem Nyýazowa ýüzlenipdi.

Emma ilkinji takyk jogap bize 2011-nji ýylda berildi. Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy Serdar Rahymowyň işine gararys diýip jogap berdi. Emma munuň üçin men ilçihananyň öňünde iki gezek piket geçirip, Serdar Rahymowy azatlyga goýberiň diýen mazmundaky plakatlary göterip, harby general eşikli durmaly bolupdym.

Azatlyk Radiosy: Siz indi bu ugurda näme etmekçi?

Ýewgeniý Kopyşew: Biz häzir ýüzlenmämizi ýaýratdyk. Onuň nusgasy Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasyna iberilensoň, biz jogaba garaşarys. Emma jogap bolmasa, biz protest bildirip, Orsýetiň jemgyýetçiligini aýaga galdyrmakçy.

Azatlyk Radiosy: Serdar Rahymow Türkmenistan bilen deň derejede Orsýetiň hem raýaty. Orsýetiň häkimiýetleri öz raýatynyň ykbalyna näderejede alada bildirýär?

Ýewgeniý Kopyşew: Men Orsýetiň Daşary işler ministrligine ýüzlendim, Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýüz tutdum. Men Orsýetiň resmileriniň türkmen hökümetine ýüzlenmegine we Orsýet raýatynyň ykbaly bilen gyzyklanmagyna päsgel berip biljek böwet gormeýärin. Muňa garamazdan, Orsýetiň resmilerinden bize jogap bolmady, hiç hili hereket hem bolmady.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Türkmenistanyň we Orsýetiň ýolbaşçylary Serdar Rahymowyň ykbalyna näme sebäpden üns bermeýärler? Siz munuň sebäbini nämede görýärsiňiz?

Ýewgeniý Kopyşew: Meniň pikirimçe, türkmen häkimiýetleriniň hereketleri olaryň oppozisiýa çydamsyzlygyny we ýurtda çäksiz ygtyýarlyga eýe bolmak isleglerini görkezýär. Nyýazowyň alyp baran syýasatyny indi Berdimuhamedow hem dowam etdirýär.

Orsýet tarapyna gezek gelende, Orsýetiň ýolbaşçylarynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna nebit-gaz biznesi uly täsir ýetirýär. Şeýle ýagdaýda Orsýetiň ýolbaşçylary üçin islendik adamyň ykbalyndan girdejiler has gymmatly görünýän ýaly.
XS
SM
MD
LG