Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Güneşli Aşgabat saýaly baglardan mahrum bolýar


Aşgabatly Nurmämmet aga: "Ozallar bu raýonyň daş-töweregindäki saýaly agaçlardan ýaňa ýaşaýyş jaýlary görünmeýärdi, emma häzir agaçlaryň köpüsini kesdiler".
Aşgabatly Nurmämmet aga: "Ozallar bu raýonyň daş-töweregindäki saýaly agaçlardan ýaňa ýaşaýyş jaýlary görünmeýärdi, emma häzir agaçlaryň köpüsini kesdiler".
Paýtagt Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän “Oguz han köşgi”, “Adalat köşgi”, “Aşgabat” kinoteatry we Şewçenko köçesiniň ugrunda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlary – häzirki Aşgabat barada gürrüň edilende, bu ýerleri bir-birine baglanyşdyrýan bir zat bar.

Soňky ýyllarda şol töwerekleriň käbir ýerlerinde köpýyllyk agaçlardyr bag-bakjalar kesilip, olaryň deregine arça nahallary oturdylan bolsa, käbir beýleki ýerleri ähli agaçlardan “arassalanyp”, mermerlenen täze binalar bilen bezeldi.

Bu özgerişler örän gysga wagtyň içinde bolup geçdi. Aşgabadyň ýaşaýjysy, 67 ýaşly Nurmuhammet aga resmi çeşmeler tarapyndan paýtagty gözelleşdirmek üçin edilýänligi aýdylýan bu tagallalara ýakyndan şaýat bolan müňlerçe ýaşaýjydan biri.

Ol bu hakda şeýle diýdi: “Men sowet döwründe ilatyň elitasynyň ýaşan ýeri bolan we ilat arasynda ‘Dworýanskoýe gnezdo’ diýlip atlandyrylýan raýonynda ýaşap gelýärin. Ozallar bu raýonyň daş-töweregindäki saýaly agaçlardan ýaňa ýaşaýyş jaýlary görünmeýärdi, emma häzir agaçlaryň köpüsini kesdiler”.

Gugaryp galan köçeler

Soňky döwürlerde paýtagtyň köne raýonlarynda täze binalar gurulsa ýa-da köne binalar remont edilse, şol binalaryň töweregindäki ýyllarboýy ösüp oturan baglar hem kesilip aýrylýar. Mysal hökmünde aýtsak, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Içeri işler, Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň, “Aşgabat” kinoteatrynyň töwereklerinde köp ýyllar bäri ösüp oturan agaçlar kesilip, olaryň käbirleri arça nahallary bilen çalşyrylan bolsa, käbirleriniň ornunda täze jaýlar salyndy.

Türkmenbaşy şaýoly bilen ozalky Moskowskiý prospektiniň kesişýän ýeriniň häzirki görnüşi. 17-nji aprel, 2012.
Türkmenbaşy şaýoly bilen ozalky Moskowskiý prospektiniň kesişýän ýeriniň häzirki görnüşi. 17-nji aprel, 2012.
Ýyllarboýy ösüp oturan agaçlary kesilen köçeleriň biri hem paýtagtyň Türkmenbaşy şaýolunyň öňki Şewçenko köçesi bilen kesişýän ýerinden başlap, tä “Ýimpaş” söwda merkezine çenli aralykdaky bölegi. Bu köçäniň boýunda ösüp oturan saýaly agaçlaryň köpüsi kesilip aýryldy.

Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmen Döwlet uniwersitetiniň, häzirki “Oguz han köşgüniň”, öňki 1-nji harby şäherçesiniň, ýaňy-ýakynda açylan Turizm we sport institutynyň töwereklerindäki tokaýlygy ýayladýan saýaly agaçlaryňam köpüsi kesilip aýryldy.

“Takyk maglumat berilmeýär”

Ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek barada gürrüň köp, hatda her ýyl aprel aýynda resmi taýdan bag ekmek kampaniýasyna badalga berilýär, emma ýyllarboýy ösüp oturan agaçlaryň kesilmeginiň sebäpleri barada resmi taýdan takyk maglumat berilmeýär.

Saýaly agaçlaryň kesilmegine gynanýan aşgabatly pensioner Nurmuhammet aga ýaly adamlar bolsa, bu ädimiň aňyrsynda döwlet sýyasatynyň mahabatlandyrylmagynyň başga bir görnüşiniň bardygyny belläp, şeýle diýýär: “Bir bina gursalar, şol binany görkezjek bolup, onuň töweregindäki saýaly agaçlary kesýärler. Ýyllarboýy ösüp oturan agaçlaryň deregine bolsa, ýaşajyk nahallar oturdylýar. Özi-de şol nahallaryň köpüsi dekoratiw agaçlar. Olaryň ne saýasy bar, ne-de peýdasy”.

Aşgabatda kesilen saýaly agaçlaryň ýerine ekilen ýaş nahallaryň gurap galanlaryna-da köp duşmak bolýar. 17-nji aprel, 2012.
Aşgabatda kesilen saýaly agaçlaryň ýerine ekilen ýaş nahallaryň gurap galanlaryna-da köp duşmak bolýar. 17-nji aprel, 2012.
Köp ýyllardan bäri ösüp oturan saýaly agaçlaryň kesilýän ýerleri diňe täze jaý salynýan ýerler bilen çäklenmän, eýsem sowet döwründe gurlan jaýlaryň daşky diwarlary remont edilýän binalaryň töwereklerini-de öz içine alýar. Remonta mätäç binalar bolsa Aşgabatda diýseň köp.

Soňky döwürlerde remont işleri geçirilen ýerlerden biri hem Şewçenko köçesiniň öňki “WDNH”-nyň ýanyndaky ýaşaýyş jaýlary. Emma abatlaýyş işleri geçirilensoň, bu ýerler öňküsi bilen deňeşdirilende, agaçlardan “arassalanan” bolup çykýar.

Merkezden uzaklarda-da ýagdaý şeýle

Şäheriň 30-njy mikroraýonyndaky, Aýna zawodynyň ýanyndaky, Aýtakow köçesiniň ugrundaky “Türkmenistan” kinoteatrynyň golaýyndaky sowet döwründe gurlan ýaşaýyş jaýlarynda hem ýagdaý tapawutly däl. Bu ýaşaýyş jaýlarynyň hem diwarlary abatlanyp, olaryň daş-töweregi ýyllarboýy ösüp oturan saýaly agaçlardan “arassalanypdyr”.

Binalaryň töwereklerini agaçlardan “arassalamak” boýunça şäher häkimliginiň geçiren çärelerinden soň, käbir ildeşlerimiziň sözi bilen aýdylanda, baga bürenip oturan paýtagtyň käbir köçeleri “ütülen jüýjä” öwrülen ýaly bolupdyr. Bu hem tomus aýlarynda howanyň gyzgynlygy 50 gradusa ýetýän Aşgabatda ilaty alada goýýar.

Aşgabatly Nurmämmet: "Bir bina gursalar, şol binany görkezjek bolup, onuň töweregindäki saýaly agaçlary kesýärler".
Aşgabatly Nurmämmet: "Bir bina gursalar, şol binany görkezjek bolup, onuň töweregindäki saýaly agaçlary kesýärler".
“Aşgabadyň käbir köçeleriniň ugrundaky ýanýodalardan ýöreýän pyýadalar tomus aýlary depäňi deşip gelýän günüň şöhlesinden goranyp bilmeýärler. Asfalty eredip barýan günüň şöhlesi depäňi deşip barýar” diýip, aşgabatly pensioner Nurmuhammet aga gürrüň berýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabady mermerlenen, bagy-bossanly paýtagt etmek şygary astynda ýüzlerçe täze binalar guruldy we millionlarça täze agaç nahallary ekildi, olaryň-da aglabasy arça nahallary.

Emma şol bir wagtyň özünde-de, käbir aşgabatlylaryň sözi bilen aýdylanda, paýtagta görk, onuň ýaşaýjylaryna bolsa tomsuň yssysynda kölege berýän agaçlaryň uly bir bölegi kesildi, täze ekilen agaçlar bolsa häzir kölege bermekden ejiz, hatda olaryň gurap galanlary-da az däl.
XS
SM
MD
LG