Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Otly bolçulygynda bilet gytçylygy


Şirin Kösäýewa: “Mara tarap ýolagçy bolsaň, dört-bäş otly bar, şonda-da halka bilet ýetenok. Aňyrdan gaýdanyňda-da, her-haçan iliň elinden bilet alyp münmeli bolýar”.
Şirin Kösäýewa: “Mara tarap ýolagçy bolsaň, dört-bäş otly bar, şonda-da halka bilet ýetenok. Aňyrdan gaýdanyňda-da, her-haçan iliň elinden bilet alyp münmeli bolýar”.
Türkmenistanda ýolagçy otlularynyň gatnawy, transportyň bu görnüşinde ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hili, otly biletleriniň satuwy bilen bagly meseleler uzak dowam edip gelýän problema bolmagynda galýar. Azatlyk Radiosy şu mesele bilen baglanyşykly Ruhabat etrabynyň ýaşaýjysy Şirin Kösäýewa bilen gürründeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda täze-täze otly wagonlarynyň satyn alynýandygy, olarda häzirkizaman talaplaryny ödeýän amatlyklaryň bardygy barada türkmen metbugatynda häli-şindi maglumatlar peýda bolýar. Şu günki gün bu ugurdaky ýagdaýlar nähili?

Şirin Kösäýewa: Ýolagçy otlularynyň hyzmaty göwnejaý däl. Eger zerur bolup, toýa ýa pata gitjek bolsaň, hiç haçan baryp bilet almaga mümkinçilik ýok. Bilet bäş gün öňünden satylýar, baryp alyp bilseň-ä alýarsyň, bolmasa-da ýok. Zerurlyga düşüp, pasportuňy alyp, kassa barsaň, bilet ýok.

Ýolagçylar Aşgabadyň demirýol wokzalynda otla garaşýarlar. Aşgabat, 2011.
Ýolagçylar Aşgabadyň demirýol wokzalynda otla garaşýarlar. Aşgabat, 2011.
Mara tarap ýolagçy bolsaň, dört-bäş otly bar, şonda-da halka bilet ýetenok. Ondan aňryk Tagtabazar bar, Soltanbent bar, Murgap etraby bar – ol taraplara-da bilet ýagdaýymyz kyn. Aňyrdan gaýdanyňda-da, her-haçan iliň elinden bilet alyp münmeli bolýar.

Azatlyk Radiosy: Eger biledi elden, ýagny alyp-satýanlardan almaly bolsa, onuň bahasy näçeräk bolýar?

Şirin Kösäýewa: Elden alsak, 5 manada durýan biledi 20-24 manatdan alýarys. Şonuň bilenem otla münseň, otludaky prowodniklerem bizden “Ýene üstüne pul ber” diýip, bizi heläk edýärler. Sebäbi, biziň biledimiz elden alnan. Elden almaga bolsa hakymyz ýok. Nätjek, zerur gaýtmaly bolansoň, almaly bolýar-da.

Prowodniklerem biletlerimizi pasportlarymyz bilen deňeşdirýär, pasport bilen seriýasy deň gelmese, ýene bizden üstüne pul alýar. Pul almasa-da, Guşgy tarapdan gaýdýan şol otla münäýseň, Mara getirip, bizi düşürýärlar ýa-da: “Kassadan bilet al” diýýärler.

Iň aňyrdan, Guşgudan gaýdýan otla-da bilet ýok diýýärler. Otlymyz näçe köp bolsa-da , ýyl-ýyldan ýagdaý ýaramazlaşýar. Bilet ýagdaýymyzyň beýle bolýanyna düşünemizok. Indi tomus geldi. Her kimiň dynç almaly, gitmeli ýerleri bar. Awaza tarapa gitjek bolsaňam, indi möwsüm döwri bilet ýagdaýy gaty kyn bolar. Umuman, biz kassa baryp, bilet alyp gören adam däl.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, şu agzalýan kemçiliklerde kim ýa-da kimler günäkär?

Şirin Kösäýewa: Döwlet ýolbaşçys-a “Halkym üçin” diýip işleýär hemişe. Ýöne şonuň ministrleri şol zatlara seredenok. Transport ministrimiz ulaglara seredenok. Bir uly ýolbaşçymyz hemmesine seredip bilmez-ä, ministrler işlemelidir-ä şol zatlar boýunça.

Aşgabadyň demirýol wokzaly. Aşgabat, 2011.
Aşgabadyň demirýol wokzaly. Aşgabat, 2011.
Bilet bolaýan ýagdaýynda-da, kassada oturan gyzlardan bilet aljak bolsaň, hökman bir-iki manat ýa üç manat üstüne goşmaly. Bolmasa: “Bilet ýok” diýip durlar.

Otlyň üstüne münüp, hemme halk aýak üstünde durup, oturyp gidýär. Korridoryň ugrunda oturanam bar, ýatanam bar. Soň aýak ýoluna çakjak bolsaň, çykyp bolanok gijäniň içinde. Prezidentimiz alada edip durka, biziň halkymyzy beýle peseltmeli däl-ä ministrlerimiz. Şol zatlar ýurdumyz üçinem, halkymyz üçinem masgaraçylyk. Daşary ýurtlardan gelýänler bar, görýänler bar. Halky kemsitmek gowy däl.
XS
SM
MD
LG