Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awtorlyk hukugy – çözgüde garaşýan mesele


Aşyrguly Baýryýew: "Sowet döwründe bir ýörite edara bardy. Ana, şol edara awtorlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik edýärdi".
Aşyrguly Baýryýew: "Sowet döwründe bir ýörite edara bardy. Ana, şol edara awtorlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik edýärdi".
23-nji aprel awtorlyk hukugynyň halkara güni hökmünde bellenilip geçilýär. Şu ýylyň başynda Türkmenistanda “Awtorlyk hukugy barada” täze kanun kabul edildi. Eýsem, bu kanun awtorlara nähili hukuklary berýär we onuň öňki normatiw aktlarydan kanunla nähili tapawudy bar? Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen ýakyndan gyzyklanýan žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen şu mesele barada ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Aşyrguly Baýryýew: Türkmenistanda awtorlyk hukugy barasynda şu ýylyň ýanwar aýynyň 20-sine kabul edilen kanundan ozal hem şol hukugy berjaý etmäge gönükdirilen kanunçylyk düzgünleri bardy.Öňki kanunam, kodeksdäki maddalaram, häzirki awtorlyk hukugy baradaky ýörite kanunam eserleriň awtorlarynyň hukuklaryny kepillendirýär.

Ýöne, eýsem, awtorlara nähili tölegler edilýär, mirasdarlarynyň şol eserlere nähili hukuklary bar? Ine, şu ýerde bir tapwut: ozal eseriň awtory aradan çykandan soň, onuň mirasdarlary 25 ýylyň dowamynda awtorlyk hukugyndan peýdalanyp bilýärdiler. Olar şol eserleriň gaýtadan çap edilmeginden özlerine düşýän girdejileri şol 25 ýylyň dowamynda alyp bilýärdiler. Häzir şol möhlet 50 ýyla çenli uzaldylypdyr.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda häzir awtorlyk hukuklarynyň iş ýüzünde berjaý edilişi nähili?

Aşyrguly Baýryýew: Awtorlyk hukugy barasynda, ine, sowet döwründe bir ýörite edara bardy. Ol bütinsoýuz gurama bolup, awtorlyk hukuklarynyň agentligidi. Şol edaranyň bölümi Türkmenistanda-da işleýärdi. Ana, şol edara awtorlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik edýärdi.

Türkmenistanly awtorlaryň eserleri başga ýerlerde, başga ýurtlarda çap edilip, oňa galam haky tölenmedik ýagdaýynda, şol edara ony alyp bermegi köplenç başarýardy, oňa şeýle hukuk berlipdi.Ýöne soňra bu edara doly ýapylmasa-da,ony kitap palatasyna goşdularmy, umuman, düşüner ýaly bolmady.

Türkmenistanda gaty köp awtorlyk hukuklarynyň bozulmalary boldy.Ýurduň içindäki awtorlaryň hukuklaram bozuldy. Bir topar adamyň eserleri çap edilmedi. Gadaganlyga düşen awtorlaryňam sany köpeldi.

Azatlyk Radiosy: Nyýazow döwründe gaty köp bagşy-sazandalar peýda boldy. Şol döwürde öňki aýdylyp ýörülen aýdymlaryň sözleri bir şahsyýete gönükdirilen başga bir goşgy bilen çalşyryldy. Şol aýdmçylaryň repertuary, kompozitorlaryň, şahyrlaryň öňki aýdymlary bilen bagly hukuklaryň goralyşy nähili?

Aşyrguly Baýryýew: Dogrudanam, şeýle ýagdaý boldy. Aýdylyp ýörülen aýdymlaryň sazy S.Nyýazowa bagyşlanan aýdymlaryň esasyna goýuldy. Şeýdibem, bir topar awtoryň hukuklary ýoýuldy, mukamlaryňam ençemesiniň ýoýulan halatlary boldy.

Mundan başga-da, ine, aýdymçylaryň, bagşylaryň ses ýazgylary satylýar. Köplenç bu meselede awtorlaryň özünden rugsat alnyp ýörülmeýär. Ses ýazgysyny edýän telekeçiler şol ýazgylary rugsatsyz ähli ýerde satyp ýörler. Bu ýerde-de awtorlaryň hukuklary bozulýar.

Döwlet şu wagta çenli şolara garşy güýçli göreş alyp barmady.Ýöne soňky döwürde nähili-de bolsa şu meselä üns berlip başlandy. Awtorlaryň hukugyny berjaý etmekde Türkmenistanda-da öňegidişlik bolar diýip tama edýäris.
XS
SM
MD
LG