Bir gülden bahar bolmaýşy ýaly, Türkmenistanyň aýdym-saz medeniýetini-de dürli kärdäki, dürli ykbally adamlar emele getirdiler hem baýlaşdyrdylar. Şolardan birem Türkmenistanyň medeniýet boýunça at gazanan işgäri, şahyr Geldi Bäşiýew bolsa gerek.
Geldi Bäşiýew 1938-nji ýylda Bäherden etrabynyň Deşt obasynda dünýä inipdi. Ol 1959-njy ýylda Türkmenistanyň döwlet radiosynda diktor bolup, zähmet ýoluna başlady. 1962-nji ýylda Geldi Bäşiýew Türkmen döwlet uniwersitetiniň agşamky bölüminde türkmen dili we edebiýaty fakultetini tamamlady.
Ol uzak yllap Türkmen döwlet radiosynda diktor bolup işledi. Diktorlyk hünärini ösdürmek üçin, ol Moskwadaky ýörtite diktorlyk kursunda okady hem ýokary derejeli diktor diýen ady alypdy. Geldi Bäşiýew işiniň daşyndan çeper goşgular-da döretdi. Onuň ýazan goşgularyna ýüzden gowrak aýdym döredildi.
1996-njy ýylda Geldi Bäşiýewiň döreden eserleriniň uly bölegini öz içine alýan “Çynarym” atly goşgular kitaby çap boldy. Ýoldaşlary ony diktorlygyndan we liriki şahyrlygyndan daşary, ajaýyp ynsan hökmünde-de häsiýetlendirýärler.
Geldi Bäşiýewe bagyşlanan ýörite radiogepleşikde Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Nazar Hudaýberdi hem şahyr Şiraly Geldi Bäşiýewi ýagşylykda ýatlaýarlar.
Şu baradakay ýörite gepleşigi diňlemek üçin, şu ýere basyň: