Baharly etrabyndaky Garry Nohur obasy örän gadymy obalaryň biri. Dokma dokamak, söwda we ekerançylyk bilen ýaşaýan bu obanyň ýaşaýjylary obadaky çynaryň ýaşynyň azyndan müň ýyldygyny, goralyp saklanýan daşlardaky yzlaryň bolsa Hezreti Alynyň atynyň aýak yzlarydygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy ýakynda ol ýerde saparda boldy. Garry Nohur, aprel, 2012.
Garry Nohur obasynyň täsinlikleri
5
Bu obada belentli-pesli ýerlerde gurlan dürli tipdäki ýaşaýyş jaýlaryna eltýän ýollar juda darajyk.
6
2000-ji ýyllarda oba sil suwy gelende, obanyň jaýlaryna uly zeper ýetipdir.
7
Obanyň merkezinde seleňläp outran belent çynara ýerli ýaşaýjylar azyndan müň ýaş berýärler.
8
Garry çynaryň içinde täsin gowak bar.