Baharly etrabyndaky Garry Nohur obasy örän gadymy obalaryň biri. Dokma dokamak, söwda we ekerançylyk bilen ýaşaýan bu obanyň ýaşaýjylary obadaky çynaryň ýaşynyň azyndan müň ýyldygyny, goralyp saklanýan daşlardaky yzlaryň bolsa Hezreti Alynyň atynyň aýak yzlarydygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy ýakynda ol ýerde saparda boldy. Garry Nohur, aprel, 2012.
Garry Nohur obasynyň täsinlikleri
17
Obada orta mekdep, medpunkt, oba arçynlygy we uly metjit bar.
18
Obada hususy dükanlar, dellekhanalar we sosial maksatly hususy hyzmat nokatlary işleýär.
19
Garry Nohur obasynyň töwereklerindäki daglyklarda dermanlyk seýrek ot-çöpler ösýär.
20
Işsizlikden eklenji kyn hojalyklar, daglarda bitýän dermanlyk ot-çöpleri ýygnap, satuwa çykarýarlar.