Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daýhanyň hajaty – suw we tehnika


Gülsenem Togtaýewa: "Daýhanbirleşigi traktorlara wagtynda ýagyny berip dursa, belki zerur bolan işler wagtynda edilerdi. Bu zatlary ýolbaşçylar idemeýär".
Gülsenem Togtaýewa: "Daýhanbirleşigi traktorlara wagtynda ýagyny berip dursa, belki zerur bolan işler wagtynda edilerdi. Bu zatlary ýolbaşçylar idemeýär".
Türkmen häkimiýetleri ýurduň oba hojalygy barada yzygiderli alada edip gelýändiklerini aýdýarlar. Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow 25-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, welaýatlarda gowaça ekişiniň iň soňky gektarlarda alnyp barylýandygyny, ekin üçin bölünip berlen ýerleriň uly böleginde eýýäm gögeriş alnandygyny, daýhanlaryň zerur tehnika bilen üpjün edilýändigini aýtdy.

Kärendeçi daýhanlaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy Daşoguz welaýatyndan 48 ýaşly kärendeçi Gülsenem Togtaýewa bilen söhbetdeş boldy.

Gülsenem Togtaýewa: Kärende alanyma 16-17 ýyl boldy. Şondan bärem kärendämden gowy girdeji alýaryn.

Azatlyk Radiosy: Näçe gektar kärende ýeriňiz bar?

Gülsenem Togtaýewa: Iki gektar kärende ýerim bar. Ýöne suwy, döküni wagtynda berilse, gowy hasyl berýär. 8-9 ton tabşyran wagtym boldy. Suw bol bolsa bolýar. Geçen ýyl, mysal üçin, suw ýetmedi, ýöne şonda-da üç ýarym tonna pagta tabşyrdym, gowuja girdeji aldym, ýaman däl, bolýar.

Azatlyk Radiosy: Näçe girdeji aldyňyz?

Gülsenem Togtaýewa: Köne puldan 15 million girdeji aldym (3 müň manat. 1 manat = 2.85$). Ýygym döwri alan pulum bilen 20 milliona ýetýär.

Azatlyk Radiosy: Suw ýetmezçiligi näme sebäpli ýüze çykdy?

Gülsenem Togtaýewa: Suw, garaz, hemme ýerde bolmady, sebäbini bilmedim. Birinji gezek suw gijigip berildi. Şonuň üçin pagtaň gunçasy döküldi, bolmasa hasylymyz has oňat bolardy.

Azatlyk Radiosy: Kärende ýeriňizde maşgalaňyzdan näçe adam bolup işleýärsiňiz?

Gülsenem Togtaýewa: Biz maşgalamyz köpçülik, 18 jan dagy bar. Kärende ýerimizde 5 adam bolup işleýaris. Pagtany özümiz ýygýarys. Meýdandan adam äkelip ýygdyrmaýarys. Özümiz otaýarys, pagta ýygymda hem özümiz işleýäris. Bazada özümiz eltip tabşyrýarys.

Azatlyk Radiosy: Ekiş döwri kynçylyk çekmeýärsiňizmi?

Gülsenem Togtaýewa: Ekiş wagtynda käwagt kyn bolýar. Ekişde traktor ýetmezçiligi bolýar käbir halatlarda.

Azatlyk Radiosy: Ekişden başga wagt ýagdaý nähili?

Gülsenem Togtaýewa: Ekişden başga wagt traktorçylara baryp ýüz tutýaryn. Joýa wagty kömek soraýarys. Brigadiriň özi bu zatlara gözegçilik etmeýär.

Azatlyk Radiosy: Traktorçylara goşmaça pul töleýärsiňizmi?

Gülsenem Togtaýewa: Hawa, özümiz jubimizden nagt pul töleýäris.

Azatlyk Radiosy: Gektaryna näçe töleýärsiňiz?

Gülsenem Togtaýewa: Köne puldan 15 müň manat töleýäris. Diňe traktor zerur bolanda töleýaris. Gowaça çöpüni hem ordurmak üçin baryp aýtmaly. Şondan soň gelip orýarlar. Oba hyzmaty tehnika üçin diýip pul tutýar, ýöne şondan daşary-da biz traktorçylary kömege çagyryp, olara goşmaça töleýäris. Tölemeseň, traktoryň ýagy ýok diýen ýaly bahana bilen ýumşuňy etmejek bolýar. Onsoň edilmeli işler gijä galýar. Şonuň üçin pul berip, “Bar ýag guýdur-da bize kömek et” diýip, haýýş edýärsiň.

Azatlyk Radiosy: Pagta ýygýan maşynlaryň hyzmatyndan peýdalanýarsyňyzmy?

Gülsenem Togtaýewa: Ýok, maşgalamyz bolup, elimiz bilen pagta ýygýarys.

Azatlyk Radiosy: Şu ýerden alýan girdejiňiz maşgala eklenjiňize ýetýärmi?

Gülsenem Togtaýewa: Ýok ýetmeýär. Ony hasaplap gör. Biz 18 adam, bäş bolup, ýerde zähmet çekýäris. Galanlary hem şol girdejiden gün görmeli.

Azatlyk Radiosy: Maşgalaňyzy eklemek üçin gapdalyndan näme edýärsiňiz?

Gülsenem Togtaýewa: Mellegimize hemme gök önümleri ekýäris. Towuk saklaýaryn, şeýdip maşgalany ekleýärin-dä.

Azatlyk Radiosy: Döwlet tarapyndan daýhanlara nähili goldaw gerek?

Gülsenem Togtaýewa: Prezidentimiz daýhanlara kömek etmeli diýýär. Daýhanbirleşigi traktorlara wagtynda ýagyny berip dursa, belki zerur bolan işler wagtynda edilerdi. Bu zatlary ýolbaşçylar idemeýär.

Azatlyk Radiosy: Şu ýyl ekiş ýagdaýyňyz nähili?

Gülsenem Togtaýewa: Gijä galdyk, häzir biziň ýerlerimizde suw ýatyr. Häli taba gelmedi. Aýyň aýaklarynda dagy geläýmese.

Azatlyk Radiosy: Halka kärende ýerleri ýeterlik berilýärmi?

Gülsenem Togtaýewa: Ýok, täze hojalyklarda kärende ýeri ýok. Şol öň alanlarda bar.

Azatlyk Radiosy: Kärende ýerini edinmek isleýän köpmi?

Gülsenem Togtaýewa: Täze ýaş maşgalalar ýer bolsa hemmesi-de edinjek. Zähmet çekjekler. Oňa ýer ýok-da. Öň köp ýer alanlar, ýerlerini beresleri gelmeýar. 10-15 gektar alanlar hem bar. Ýöne her kim öz maşgalasynyň aladasyny edýär.
XS
SM
MD
LG