Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalary “çagyrýan” çäreler


Aşgabatly Geldimyrat: "Howa yssy bolsun ýa sowuk bolsun, tapawudy ýok, hiç kim öz duran ýerinden gozganyp bilmeýär".
Aşgabatly Geldimyrat: "Howa yssy bolsun ýa sowuk bolsun, tapawudy ýok, hiç kim öz duran ýerinden gozganyp bilmeýär".
Türkmenistanda geçirilýän sport çäreleri bolsun ýa dürli baýramçylyklar bolsun, soňky döwürlerde geçirilýän köpçülikleýin çärelerde kämillik ýaşyna ýeten ýaşlar we ýaşuly adamlar bilen bir hatarda, birinji klasyň okuwçylary ýa mekdep ýaşyna ýetmedik çagalary-da öň hatarlarda görmek bolýar.

Şeýle dabaralaryň bolsa Türkmenistanda yzy üzülmeýär. Ol dabaralarda çagalaryň döwlet liderine ýüzlenip: “Salam, mähriban prezidentimiz. Çagalar dünýäsiniň söwda merkezini açyp beräýiň-dä” diýen ýaly ýüzlenmeleri ýa-da goşgy okaýyşlyklarydyr aýdym aýtmalary indi kadaly bir zada öwrüldi.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatlaryndan çen tutulsa, aprel aýynda jemi 84 sany köpçülikleýin çäre geçirilipdir. Maý aýynda bolsa şeýle çäreleriň jemi 97-si planlaşdyrylýar. Maý aýyndaky bu çärelere ýaşulular bilen bir hatarda, adat bolşy ýaly, çagalaryň-da köp sanda gatnaşdyrylmagyna garaşylýar.

Hökümet tarapyndan gurnalýan şeýle baýramçylyklar bilen bir hatarda, mekdep ýaşyna ýetmedik çagalary dürli binalaryň açylyş dabalarynda we hatda sport desgalarynyň tribunalarynda, futbol ýaryşlarynda hem tomaşaçylaryň arasynda görmek mümkin.

“Iki hepde syrkawlap ýatdy”

Şeýle çärelere yzygiderli gatnaşdyrylýan 10 ýaşly mekdep okuwçysy Merdanyň kakasy Geldimyradyň aýtmagyna görä, çagalar howanyň sowuk ýa yssydygyna garamazdan, çärelere eltilýär. Eger şol çärä prezident gatnaşmaly bolsa, onda eli baýdakly çagajyklar ençeme sagatlap aýak üstünde açyk meýdanda garaşmaly bolýarlar.

Aşgabatly Geldimyrat: "1-2 sagat dowam edýän çäre zerarly çagalaryň 4-5 sagatlap aýak üstünde duruzylmaklary asla kabul ederlikli ýagdaý däl".
Aşgabatly Geldimyrat: "1-2 sagat dowam edýän çäre zerarly çagalaryň 4-5 sagatlap aýak üstünde duruzylmaklary asla kabul ederlikli ýagdaý däl".
Geldimyrat özara söhbetdeşlikde şeýle ýagdaýlaryň çagalaryň saglygyna hem ýaramaz täsirini ýetirýänligini aýdyp, adatça 1-2 sagat dowam edýän çäre zerarly çagalaryň 4-5 sagatlap aýak üstünde duruzylmaklarynyň asla kabul ederlikli ýagdaý däldigini belledi.

“Bu ýagdaý ylaýta-da prezidentiň gatnaşýan çärelerinde köp duş gelýär. Çäräniň geçirilýän ýeri ýörite gulluklar tarapyndan dolulygyna ýapylandan soň, howa yssy bolsun ýa sowuk bolsun, tapawudy ýok, hiç kim öz duran ýerinden gozganyp bilmeýär. Hatda olaryň hajathana hem goýberilmeýän halatlary bolýar. Elbetede, şular ýaly ýagdaýda çärä gatnaşýan çagalar has köp kösenýär” diýip, Geldimyrat gürrüň berýär.

Aşgabadyň ýaşaýjysy Geldimyrat geçen ýyl Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralardan mysal getirip, şol günüň ýagyşly bolanlygyny, howanyň sowuk bolmagyna garamazdan, çagalara ýyly egin-eşik geýmäge rugsat hem edilmänligini belläp, parada gatnaşan öz oglunyň dabaradan soň iki hepde syrkawlap ýatanlygyny gürrüň berdi.

Çykdajy meselesi hem bar

Köpçülükleýin çäreler çagalaryň diňe saglygyna däl, olaryň ene-atalarynyň maşgala býujetine hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Adatça, köpçülikleýin çärelere gatnaşýan çagalar ak reňkli egin-eşikli, ak reňkli şarjagazlardyr baýdajyklary galgadyp durýarlar.

Şol çärelere gatnaşan çagalaryň ene-atalaryndan käbirleriniň aýtmaklaryna görä, olar öz çagalarynyň geýimlerini, çärelerde olaryň ellerinde galgatjak baýdajyklarydyr şarjagazlaryny öz serişdelerinden satyn almaly bolýarlar.

Aşgabadyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy, öý hojalykçy zenan Amansoltan hem 3-nji klasa gatnaýan çagasy üçin wagtal-wagtal şeýle çykdajylary etmeli bolýan ýaşaýjylardan biri.

“Meniň oglumyň okaýan mekdebinde bu maksatlar üçin her aý ene-atalardan pul ýygnalýar. Her aýda goşýan 5 manadymyzyň belli bir bölegi köpçülikleýin çäreler üçin gerek zatlary satyn almaga sarp edilýär. Meniň oglum köpçülikleýin çärä gatnaşmasa-da, men şol puly töläýmeli” diýip, Amansoltan gürrüň berýär.

Çagalaryň mejbury tomaşaçylygy diňe bir köpçülikleýin çäreler bilenem çäklenmeýär. Teatrlaryň, kinoteatrlaryň we sirkiň boş zallaryny doldurmak üçin hem çagalar baglarynda terbiýelenýän, orta mekdeplerde okaýan çagalaryň äkidilýän halatlary seýrek däl.

Türkmenistanda çaga zähmetiniň ulanylmagyny gadagan etmek barada ýörite kanun bar. Emma çagalaryň köpçülikleýin çärelere mejbury gatnaşdyrylmagy, olaryň propaganda maksatly resmi çärelerde ulanylmaklary bolsa häzirlikçe dowam edýär.
XS
SM
MD
LG