Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geçen urşuň esgeri


Türkmenistanda Ikinji Jahan urşunda gazanylan ýeňşin ýyl dönüminiň hormatyna bagyşlanylyp uruş we zähmet weteranlaryna sowgat gowşuryş dabaralary hem-de dürli hili baýramçylyk çäreleri gurnaldy.
Türkmenistanda Ikinji Jahan urşunda gazanylan ýeňşin ýyl dönüminiň hormatyna bagyşlanylyp uruş we zähmet weteranlaryna sowgat gowşuryş dabaralary hem-de dürli hili baýramçylyk çäreleri gurnaldy.
Ýeňiş güni mynasybetli Azatlyk Radiosy Türkmenistandan özüni Hallyýew diýip tanyşdyran, Ikinji Jahan urşunyň weterany, birnäçe orden-medallaryň eýesi bilen söhbetdeş boldy. Ol uruş ýyllarynda Germaniýa çenli geçen ýoly barada gürrüň berýär.

Hallyýew: 1943-nji ýylda gulluga alyndyk. O wagtlar, bolsak, bir 16 ýaşymyzdadyk. Bizi Aşgabatdan Samarkanda göterdiler. Samarkantda-da üç aý taýýarlyk gullugyny geçdik. Ýaragy atmagy hem sökmegi öwretdiler. Ondanam fronta ugratdylar.

Azatlyk Radiosy: Urşa nireden başladyňyz?

Hallyýew: Biz baranymyzda, Polşadan geçen ekenler. Germaniýanyň ýaňy içine girip ugranda, bizem badyk. Biz Germaniýanyň içinde fronta girdik.

Azatlyk Radiosy: Germaniýada sizi nähili garşyladylar? Nemes goşunlary barmydy?

Hallyýew: Nemesler bardy. Ýöne biz nemesleriň gaçýan wagty bardyk-da. Men-ä pulemýotçydym. Pulemýoty ýaman gowy atýardym. Gündiz günortanlyga gowy nahar berdiler, öýlänem fronta sokdular. Kowýan wagymyz nemesler gaçyp ýatýarlar bir ýerde, gelýänleri garşy almaga taýyn bolup. Onsoň bizem üstlerine çozýas welin, olar atýarlar. Barýançaň ep-esli adamyny gyrýa-da olar. Ýaraglary bolsa gowy, köp atýan ýarag-da. Drezden diýip, bir uly şäherleri bar eken. Şonuň içine giräýenimizde ýaraly boldum. Gapdalymda iki sany söweşe taýýar granat bardy. Olaryň atan oky kemeri kesip, meniň hamymy serpip geçäýipdir-dä. Ok şol granadyň birine degäýen bolsa, ol bölek-bölek etjek seni. Ok kelte gapyrganyň ýokary ýanyndan, hamy serpip geçäýipdir-dä. Kemerem gaçypdyr, granadam gaçypdyr. Ýöne ok granada degmändir. Oňa degen bolsa külüňi çykarýar. Şonda-da ylgap, birsalym atdym welin, ysgynym gaçyp barýar. Onsoň ýeňsämden urdular. Nemesiň bir okopjygy bar eken. Şoňa kellämi sokdum. Gyşaryp galypdyryn. Giç öýlän turdum. Kellämi galdyrsam, beýle ýanymdan komandirim gelýän eken. Ýanyma geldi. “Hallyýew, ýaralymy?” diýdi. “Hawa” diýdim. “Anha, nemesler gelýär” diýdi. Olar ýaragyny taşlap, elini galdyryp, ýesir bolmak üçin gelýänler ekeni. Men: “Bulary atmalyň” diýdim. “Onda o jaýa gireli” diýdi. Ol jaýa bardyk. Birsalym oturdyk. Onsoň: “Äpişgeden seret. Özlerimiziňki gelipmi?” diýdi. Äpişgeden seretdim. Öň hatara tapgyr-tapgyr iberýärler-dä. Bir tapgyr gutarsa, ýene bir tapgyr sokýarlar. Olar gutarýar, azalýar-da. Olar atýarlar-da. Adam ölýär ýa ajaly ýetmese ýaraly bolup galýar. Ölenem ölýär. Özümiziňkiler gelen ekeni. Biz ol jaýdan çykyp ýöräp ugradyk welin, dört adam tanka garşy atylýan pulemýoty süýräp barýan eken. Olar gapy açylanyny eşidip, ýaňky pulemýotyň agzyny bize garşy öwürdiler. Komandirimen: “Biziňkiler!” diýip gygyrdy. Olar bizi tanamandyrlar. Biz ýöräp ugrasak, iki sany sanitar gyzlar bar eken. Olar: “Şol jaýa baryň. Häli gün ýaşyp barýarka keselhana äkideris” diýdiler. Şol ýerden keselhana äkitdiler. Ol nemesleriň keselhanasy. Içi uzyn, 300 metr-ä bar uzynlygy. Iki ýanam jaý. Näçe adam ýerleşýär oňa. Men şo taýda bir aý gowrak ýatdym. Şol bir aýyň dowamynda-da keselhananyň agzyna nemesleriň magazinlerindäki zatlardan getirip dökýärler. Men şondan alty sany posylka iberdim.

Azatlyk Radiosy: Posylka ibermäge rugsat berilýärmidi?

Hallyýew: Hawa. Bäş kilodan köp bolsa äkidenoklar. Ölçeýärler. Bir rus aýalam posylkanyň daşynyň matasyny çekýär. Adresini özüň ýazaýmaly.

Azatlyk Radiosy: Ýaraly bolup gospitalda näçe wagt ýatdyňyz?

Hallyýew: Bir aý ýatdym. “Ertir fronta ugratmaly” diýip, ilkiagşam ýygnak etdiler. Onda-da orslar: “Война окончень!” diýip tans edýärler. O wagt biz ors diline-de gaty ökde däldik. Bir özbek oglandan: “Bu “Война окончень!” näme?” diýip soradym. Ol “Uruş ýatdy” diýýärler diýdi. Aý, şonda öýmüze gelen ýaly bolduk.

Azatlyk Radiosy: Uruşdan soň öýňüze haçan gaýdyp geldiňiz?

Hallyýew: 1943-ni ýylda gidip, 50-nji ýylyň maý aýynda geldim. Şol ýerden – Germaniýadan 49-njy ýylda zähmet rugsadyna gaýtdym. 55 gün rugsat berdiler. Bizi saklaýany näme diýsene, “sizi çalyşmaga ýaş oglanlar ýetişenok” diýýärler. Onsoň bizi çalyşmaga rus oglanlaryndan bardy. Şolar gelenden soň, 1950-nji ýylyň maý aýynda goýberdiler.
XS
SM
MD
LG