Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Beýik Ýeňşiň 67 ýyllygy bellenilip geçilýär


9-njy maý güni köpsanly beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Beýik Ýeňşiň 67 ýyllygy bellenilip geçilýär.

Çarşenbe güni irden bu waka bilen baglanyşykly Türkmenistanyň ähli şäherlerinde we köpsanly beýleki ilatly punktlarynda Beýik Watançylyk Urşunyň gahrymanlarynyň hormatyna gurlan monumetlere we ýadygärliklere gül desseleri goýuldy.

Aşgabatdaky “Baky ot” monumentine gül goýmak dabarasyna hökümet agzalary bilen birlikde, prezident G.Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

9-njy maý güni Ýeňiş baýramçylygyna gabatlanylyp, paýtagtda we beýleki ilatly punktlarda ýörite baýramçylyk-medeni çäreleriniň-de geçirilýändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG