Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow iki çinownige berk käýinç yglan etdi


Anna güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Türkmen Döwlet medisina uniwersitetiniň rektoryna we Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty ministrine berk käýinç yglan etdi.

Bu baradaky permanda Türkmen Döwlet medisina uniwersitetiniň rektory Güljemal Ezizowanyň “oz gulluk borjuny kanagatlanarly ýerine ýetirmändigi we kadrlary saýlap almakda kemçiliklere ýol berendigi” aýdylýar.

Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty ministri Baýramgeldi Nedirowyň hem “öz gulluk borçlaryny kanagatlanarly berjaý etmänligi hem-de tabşyrylan tabşyryklary öz wagtynda ýerine etirmändigi” aýdylýar.

Ýöne bu kemçilikleriň anyk nämeden ybaratdygy barada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG