Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köýtendagly zenan öz etraplary barada


Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndan özüni Gülbahar Esedowa diýip tanyşdyran 50 ýaşly tikinçi Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Köýtendag etrabynda soňky döwürde amala aşyrylýan işler barada gürrüň berdi.

G. Esedowa: Häzir, Hudaýa şükür, ýurtbaşymyzyň edýän aladasy biziň etrabymyzda ullakan. Häzir biziň çagalarymyz gowy işde işleýärler. Hemmesi işli bolup barýar, her maşgaladan. Çagalaryň köpüsi. Öňki ýaly entäp ýören işsiz adam ýok.

Azatlyk Radiosy: Ýerli ilatyň ýaşaýş şertlerini gowulandyrmak üçin ýene nähili edilmeli işler bar?

G. Esedowa: Etrap boýunça öndürýän pagtamyz, şo kyrk müň tonnadan geçýär. Ýeňil senagat fabrigini açyp berjek diýip söz beripdi. Şony gurup berse, elbetde, biziň ýaş gelin-gyzlarymyzyň hemmesi işli bolar diýip garaşýas.

Azatlyk Radiosy: Gaýnarbaba gelýän adam köpmi?

G. Esedowa: Ýolumyzy oňaryp otyr. Enşalla, ýollarymyzam gowy boljak. Ine, şu Gaýnarbaba-da geljekde gülläp ösjek. Gaýnarbaba geljekde uly kurort boljak diýlip, göz öňünde tutulýar. Enşalla, hemmesi gowy bolar, kurortam bolar. Şu gelen myhmanlarymazam kän bolar, Allajan.

Azatlyk Radiosy: Şu günki gün Gaýnarbabanyň ýagadaýy nähili?

G. Esedowa: Edil şu günki gün ýatakjaý-a ýok. Gelenler gündiziň güni gelýärler. Suwa düşýäler. Zyýarat edýäler. Biziň şu suwumyz bilagyra, aýagagyra, kän kesellere peýdaly-da.

Azatlyk Radiosy: Halk şundan peýdalanmak isleýärmi? Isleg köpmi şuňa?

G. Esedowa: Halkyň peýdalanmak islegi gowy. Gelýärler. Ine, Marydan, Aşgabatdan, başga döwletlerden gelýärler. Biziň şu jaýymyzy öwýäler. Suwumyzy öwýäler. Kesellere, aýagagyra, bilagyra derman diýýärler. Peýdalanmak isleýänler köp. Basymrak biziň şu Gaýnarbabamyzy oňaryp berseler, geljekde kurort jaýyna öwrülse, elbetde, biziň halkymyz ýurtbaşymyza minnetdar bolar. Häzirlikçe ýatak ýerler ýagdaýy azajyk pesräk.

Azatlyk Radiosy: Ýol ýagdaýlaryňyz nähili?

G. Esedowa: Ýollarymyz oň ýaly öwrelikli däl. Ýollarymyzy basymrak bejerip berse...

Azatlyk Radiosy: Tomus kanikulynda çagalar nirede dynç alýar? Olar üçin nähili şert döredildi?

G. Esedowa: Biziň Köýtendag etrabymyzyň Köýtendag obasynda çagalar gowy dynç alar ýaly lager bar. Çagalar şo taýda gowy dynç alýalar.

Azatlyk Radiosy: Şol lager näçe çaga niýetlenen?

G. Esedowa: Iki ýüz-üç ýüz çaga alýar. Sezonda üç gezek: iýun, iýul, awgust aýlarynda çagalar dynç alýalar. Etrapda hemme çaga dynç alyp bilmese hem, kim islese, şolar gidip dynç alýalar. Gowy dynç alamaga ýer bar Köýtendag obasynda.

Azatlyk Radiosy: Köýtendagyň gözellikleri barada nämeler aýdyp bilersiňiz?

G. Esedowa: Köýtendagyň gözellikleri bar-a, ine, şu biziň öňki gadymdan gelýän ata-babalarymyz aýdypdyr, şu taýda, biziň her bir Köýtendagymyzda ösýän ösümlikler derde derman diýipdirler, şypa diýipdirler. Şonuň üçin, ine, bizde şu otlarymyzy derman edip ulansa, biziň halkymyzyň hemmesiniň jany sag bolar. Geljekede sagdyn çagalar, sagdyn ene-atalar bolar hemmesi-de. Köýtendagda Kyrkgyzata bar, ine, Gaýnarbaba bar, onuň otuz iki deresi bar. Dinozawrlaryň yzlary bar. Şu syýahatçylygy ösdürse, biziň etrabymyza has gowy bolar.

Azatlyk Radiosy: Iş ýerleriniň döredilmegi bilen işsizligiň azalýandygy duýulýarmy?

G. Esedowa: Hudaýa şükür, bizde ýaşlaryň hemmesi işli bolup otyrlar. Oň ýaly kän işsiz ýok bizde, Allaha şükür.

Azatlyk Radiosy: Berilýän aýlyklaryň möçberi eklenç üçin ýeterlikmi?

G. Esedowa: Berýär. Aýlygy gowy. Şu mahal aýlyklar işlese, zawodlarda, ine şu mahal gurlup oturan zawodlarda işlese, hemmesiniň aýlyklaryny wagtynda berip otyrlar.

Azatlyk Radiosy: Näçeräk berýär? Mysal üçin, üç million, bäş million?..

G. Esedowa: Üç million bermese-de, iki million ýedi ýüz-iki ýarym milliondan geçirip aýlyk berýärler. Hawa, işsizler azalyp barýar.

Azatlyk Radiosy: Köýtendag etrabynda soňky döwürde nähili özgertmeler bar?

G. Esedowa: Etrabymyzda, ine, täze çagalar bagy guruldy. Işe düşdi ikisi. Kumpetde obasynda 140 orunlyk çagalar bagy işe düşdi. Köýtendag etrabymyzda 230 orunlyk çagalar bagy işe düşdi.

Azatlyk Radiosy: Mekdepler ýeterlikmi?

G. Esedowa: Mekdepler etrapda ýeterlik. Ine, häzir biziň etrabymyzda ýene-de her bir daýhan birleşiklerinde täze mekdepler gurlup otyr.

Azatlyk Radiosy: Gelin-gyzlar näme bilen meşgul bolýar?

G. Esedowa: Biziň etrabymyzda halyçylyk, tikinçilik fabrigi ýok, ýöne sehler bar, kiçi-kiçi sehler bar. Gelin-gyzlar tikin bilen meşgullanýalar.
XS
SM
MD
LG