Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan Trans-owgan gaz proýekti boýunça dokumenti tassyklady


Penşenbe güni “Frans-Press” habar agentligi Hindistanyň hökümetiniň Türkmenistandan tebigy gaz satyn almak baradaky ylalaşygyň taslamasyny oňlandygyny habar berdi.

Maglumata görä, Hindistanyň hökümetiniň tassyklan bu dokumenti gazyň söwdasy, onuň nyrhy we onuň tranziti üçin Owganystana hem-de Pakistana tölenjek tölegler baradaky meseleleri öz içine alýar.

Şu maý aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda energiýa meselesi boýunça geçiriljek ýörite konferensiýada Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Trans-owgan gaz proýekti boýunça anyk söwda ylalaşygyna gol çekmeklerine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG