Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pyragynyň ýubileýi barada umytlar köp


Magtymguly-Pyragynyň Aşgabatdaky ýadygärligi.
Magtymguly-Pyragynyň Aşgabatdaky ýadygärligi.
Habarlardan mälim bolşuna görä, şu günler ençeme ýurtda Magtymguly-Pyragynyň şygyrýet günleri geçirilýär. Bu çäreler Türkmenistanda has giňden bellenilýän bolsa, beýleki ýurtlarda ýerli şertlere görä baýram edilýär.

Magtymgulynyň bu ýylky Poeziýsa baýramçylygy öňkülerden üýtgeşigräk geldi. 2014-nji ýylda beýik akyldar Magtymguly-Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny dabaraly bellemek barada Türkmenistanyň hökümeti ýörite karar kabul etdi.

Şeýlelikde, bu gürrüňsiz uly medeni çäre bolar diýmäge esas bar. Sebäbi, Magtymgulyny köpçülige ýetirmekde, onuň täze hem kämil kitaplaryny çykarmakda ýubileý çäreleri gowy şert döreder diýlip garaşylýar.

Şu meseleler barada Azatlyk Radiosy edebiýatçy hem žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew bilen gürrüňdeş boldy.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG