Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda iki sany täze institut döredilýär


Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanda Türkmen politehniki institutynyň bazasynda Türkmen döwlet arhitektorlyk we gurluşyk instituty hem-de Türkmen döwlet nebit we gaz instituty döredilýär.

Bu baradaky dokumente 25-nji maýda Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň maslahatynda seredildi we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekildi diýlip, habar berilýär.

Bu institutlaryň döredilmegi ýurtda alnyp barylýan bilim reformasynyň çäginde ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça zerur bolan kadrlar meselesine jogap edilip amala aşyrylýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG