Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda täze institutlar döredilýär


Häzir türkmen häkimiýetleri her ýyl 10 müňe golaý okuwça ýurduň içinde we daşynda ýokary okuw jaýlaryna girmäge mümkinçilik döretdiler.
Häzir türkmen häkimiýetleri her ýyl 10 müňe golaý okuwça ýurduň içinde we daşynda ýokary okuw jaýlaryna girmäge mümkinçilik döretdiler.
Türkmenistanda 25-nji maýda geçirilen hökümet maslahatynda ýurtda Türkmen Döwlet nebit we gaz institutynyň hem-de Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň dörediljekdigi aýdyldy.

Täze açyljak bu institutlarda näçe studente okuw orunlary bolar? Bu ýokary okuw jaýlarynda studentlere tälim berjek mugallymlar ýeterlikmi? Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy aşgabatly ýazyjy hem žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýene iki institut döredilýär, studentleriň sany köpelermi?

A. Baýryýew: Okuw jaýlarynyň açylmagy, olaryň sanynyň köpelmegi, elbetde, bir tarapdan gowy zat. Ine, Türkmenistanda häzirki wagtda 25 sany institut işleýärdi. Indi ýene-de politehniki institutyň özi bir institut kemelip, şol bir wagtyň özünde ýene iki institut üstüne goşulýar. Netijede, Türkmenistanda 26 ýokary okuw jaýy bar.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly aga, soňky bäş ýylyň içinde nähili ýokary okuw jaýlary açyldy Türkmnistanda? Takyk maglumat berip bilersiňizmi?

A. Baýryýew: Hawa, berip bolar. Ine, Garaşsyzlyk ýyllarynyň özüni alsag-a, onda Türkmenistanda 20 institut döredilipdir. Diňe soňky bäş ýyly alsak, onda şol 20 institutyň dokuzysy döredilipdir. Indi täze-de, ýaňy şu geçen anna güni bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde politehniki institutyň bazasynda iki institut döretmek karar edildi. Ol institutlar – arhitektira we gurluşyk instituty hem-de nebit-gaz instituty.

Azatlyk Radiosy: Şul institutlaryň döredilmegine zerurlygyň ýüze çykandygy görnüp dur. Bu barada Türkmenistanyň prezidenti hem birnäçe gezek aýtdy. Şol kadrlar ýetmezçilgi sebäpli Türkmenistanda köp maksatnamalaryň wagtynda ýerine ýetirilmeýändigini aýtdy. Indi şu institutlara alynjak ýaşlaryň sany barada anyk maglumat berildimi?

A. Baýryýew: Ýokary okuw jaýlaryna alynjak ýaşlaryň sany barada anyk maglumat berilmedi. Ol Garaşsyzlyk ýyllaryndaky tejribä görä, her ýyl aýratynlykda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýa-da bolmasa ýörite maslahatda yglan edilýär. Şonda haýsy instituta näçe student alynmalydygy kesgitli aýdylýar hem-de şol esasda-da şol okuw jaýlaryna kabul edişlik başlanýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda pedagoglaryň ýetmezçiligi duýulýar. Şol institutlarda studentlere tälim berip biljek mugallymlar barmy?

A. Baýryýew: Şu wagt, ine, biz şeýle seretsek, sowet döwründe şol ýokary okuw jaýlaryna ýolbaşçylyk edýän adamlaryň hökmany suratda ylmy derejeleri bolmalydy. Köplenç olara ylymlaryň doktorlary ýolbaşçylyk edýärdi, hatda ylymlaryň kandidatlaryna-da şeýle wezipeler ynanylmaýardy. Emma häzirki wagtda şu institutlaryň rektorlarynyň, prorektorlarynyň we beýleki ýolbaşçylarynyň köpüsiniň ylmy derejesi ýok. Dekanlaryňam köpüsiniň ylmy derejesi ýok. S. Nyýazow tarapyndan aspiranturalaryň ýapylmagy, bu-da uly zyýan ýetirdi. Ýokary okuw jaýlary üçin mugallym kadrlarynyň taýýarlanyşynda bir yza gidişlik boldy.

Ine, häzir soňky üç-dört ýylyň dowamuynda aspiranturalar dikeldildi. Häzir şo ýerlerde-de birtopar aspirantlar bar. Doktoranturalaram dikeldildi. Ylymlaryň doktorlaram taýýarlanýar. Elbetde, bu ugurda häzir iş alnyp barylýar. Gelejekde olaryň gowy netije bermegine garaşmak bolar. Ýöne häzir Täjigistanda 25 müň student kabul edilýän bolsa ýylda, Türkmenistanda-da 6 müň student kabul edilýän bolsa, elbetde, bu kadaly ýagdaý däl. Şonuň üçinem, meniň pikirimçe, azyndan ýylda Türkmenistanda 20 müň student kabul etmek gerek. Şoňa-da Türkmenistanyň maddy-material mümkinçilikleri bar. Ine, birtopar okuw jaýlarynyň ymaratlary guruldy, okuw korpuslary guruldy. Ozalka garanyňda giň mümkinçilikler bar. Türkmenistan tebigy resursalara baý ýurt, şonuň üçinem şu barada-da alada etmek gerek. Elbetde, häzir belli bir derejede sana kowalaşyp, soňra-da hile geçip bileris. Ol köp taýýarlanylsa, şonuň arasyndanam gowy kadrlary ýetişdirip bolar diýip pikir edýän.
XS
SM
MD
LG