Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Palestinanyň hökümetine 91 sany jesedi gowşurdy


Penşenbe güni Ysraýyl Palestinanyň hökümetine dürli ýyllarda öldürilen palestinaly söweşijileriň 91-siniň jesedini gowşurdy.

Bu jesedi gowşurylan şahsyýetleriň arasynda janyndan geçip, partlama amala aşyran we Ysraýylyň territoriýasynda ýaragly hüjüm eden adamlar-da bar. Olardan käbirleriniň hatda mundan 40 ýyl töweregi öň öldürilen adamlardygy aýdylýar.

Bu adamlaryň jesetleri şu günki güne çenli Ysraýylyň dürli harby öwülýälerinde jaýlanan ýagdaýda saklanypdyr.

Palestinanyň häkimiýetleri bu palestinalylaryň täzeden jaýlanyş çäresi bilen baglanyşykly ýörite hatyra dabarasyny geçirmekligi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG