Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde protestiň öňüsyrasy oppozisiýa liderleriniň öýleri dökülýär


Orsýetde polsiýa oppozisiýanyň öňdebaryjy wekilleriniň öýlerinde barlag geçirdi. Bu Wladimir Putiniň üçünji möhlete prezidentlige saýlanmagyna garşy planlaşdyrlan protestiň öňüsyrasy bolup geçýär.

Şeýle-de, sişenbe güni oppozisiýa wekilleri soraga çagyryldy. Putine garşy protestleri hem şol gün geçirmek göz öňünde tutulýar.

Duşenbe güni polisiýa Boris Nemtsowyň, Ilýa Ýaşiniň, Kseniýa Sobçakyň, Sergeý Udaltsowyň, Aleksandr Nawalniniň öýünde barlag geçirdi.

Çepçi oppozisioner Sergeý Udaltsow Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

"Ir bilen sagat ýedilerde polisiýanyň we Derňew komitetiniň wekilleri meniň üstüme gelip başladylar. Şol bir wagtyň özünde olar meniň ejemiň öýünde hem barlag geçirýärdiler. Olar 6-njy maýda bolup geçen wakalar boýunça gozgalan jenaýat işiniň çäklerinde barlag geçirýändikleri baradaky resminamany görkezdiler.”

Derňewler boýunça federal komitetiň berýän maglumatyna görä, öý dökmeler 6-njy maýdaky protestleriň dowamynda dörän “köpçülikleýin bidüzgünçilikler” bilen baglylykda geçirlipdir. Şol wagtky wakalarda protestçiler howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşypdy.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Lew Ponamarewiň pikiriçe, häzirki öý dökmeleri sişenbe güni planlaşdyrlan protestleriň “öňüni almak” synanyşygy hökmünde häsiýetlendirip bolar.
XS
SM
MD
LG