Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystanynda dört adamyň kellesi alyndy


Saud Arabystanynda dokuz ýaşly gyzjagazy ogurlamakda we zorlamakda aýyplanan müsürli bir adamyň we onuň aýal doganynyň kellesi alyndy. Bu barada Saud resmileri habar berýär.

Resmileriň aýtmagyna görä, doganlar gyzjagazy Medine şäherinde metjitden ogurlapdyrlar. Olar ony 3,5 ýyl ýesirlikde saklapdyrlar. Bu wagtyň dowamynda gyzjagazyň zorlanandygy aýdylýar.

Şol bir wagtda, sişenbe güni iki sany saud raýatynyň hem kellesiniň alnandygyny, ýurduň Içeri işler ministrligi habar berýär. Jezalandyrylan adamlaryň biri adam öldürmede aýyplanýardy, beýlekisi bolsa, jynsy zorluklar boýunça günäli tapylypdy.

Netijede, şu ýyl Saud Arabystanynda jezalandyrylyp öldürlen adamlaryň sany 39-a ýetdi.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasynyň maglumatyna görä, 2011-nji ýylda adamlary jezlandyryp öldürmek boýunça Saud Arabystany üçünji orunda bolupdyr. Ilkinji orunlarda Hytaý we Eýran dur.
XS
SM
MD
LG