Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň wekili Gazagystanyň häkimiýetlerine çagyryş etdi


Çarşenbe güni Germaniýanyň ynsan hukuklary boýunça komissary Markus Leoning Gazagystanyň häkimiýetlerini teatr režissýory Bolat Atabaýewi azatlyga goýbermeklige çagyrdy.

Gazagystanly aktiwist, teatr režissýory Bolat Atabaýew geçen hepde Žanaozen wakalary bilen baglanyşykly “sosial ýigrenji öjükdirmekde” aýyplanyp, tussag edildi.

Bolat Atabaýew Gazagystan bilen Germaniýanyň teatrlarynyň hyzmatdaşlyklaryna goşan goşantlary üçin şu ýylyň awgust aýynda Germaniýanyň Gýote medalyny almalydy.
XS
SM
MD
LG