Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň wideo şowsuzlygy: “Ylym: bu zenanlara degişlidir!”


Ýewropa Komissiýasy jemgyýetçilik kampaniýasynda ýene öz başyna bela satyn aldy. Bu gezek gürrüň ýaş zenanlary “ylmy işlere gatnaşmaga” cagyrmak maksady bilen düşürilen wideo barada barýar.

“Ylym: bu zenanlara degişlidir!” ady bilen 21-nji iýunda ýaýradylan bir minutlyk wideo sosial jemgyýetçilik saýtlarynda uly seslenme döretdi.

Ilki başda aýdym-saz klibine, soňra bolsa kosmetika reklamasyna çalym edýän bu wideoda bezemen geýnen üç sany ýaş zenan laboratoriýa enjamlary we matematiki formulalar bilen güýmenýär. Bir erkek alym bolsa olara haýran galmak bilen tomaşa edýär. Dodak pomadasy bolsa iňlis dilindäki “Science” sözüniň “i” harpyny emele getirýär.



Bu wideonyň “YouTube” saýtyndaky asyl nusgasyny “halamadyklaryň” sany 22-nji iýunda giçlik ulanyjylaryň 97 prosentine barabardy. (Emma şol günüň özünde bu wideonyň asyl nusgasy Ýewrokomissiýanyň "Youtube" sahypasyndan aýyryldy.)

“Ylym: bu zenanlara degişlidir!” kampaniýasynyň Facebook sahypasy, edil web sahypasy ýaly, wideodan has kän zat hödürleýär. Ony “halanlaryň” sany 22-nji iýunda giçlik 200 adamdan geçýärdi.

Internetde bu wideo barada tankytlar ýagdyrylyp durka, Ýewropa Komissiýasynyň ylym we innowasiýa boýunça metbugat wekili Maýkl Jennings bu wideonyň jynsparaz äheňli däldigini aýdýar. Ol munuň has köp zenan alymlaryň döremegine itergi bermek üçin ýola goýlan 2,7 million ýewrolyk ($3,35 million) kampaniýanyň diňe bir kiçijek bölegidigini belleýär.

Ýewropada zenanlar studentleriň 50 prosentden gowragyny emele getirýär. Emma olaryň diňe üçden bir bölegi (32 prosent) ylmy-barlagçylar. Jennings özleriniň bu wideo we beýleki işler arkaly entek ylyma bolan gyzyklanmalaryna göz ýetirmedik gyzlara täsir etmäge çalyşýandyklaryny aýdýar.

Şu ýylyň mart aýynda Ýewropa Komissiýasynyň başga bir wideosy hem ýiti jedelleriň döremegine getiripdi. ÝB-niň mundan beýläk hem giňemegini mahabatlandyrýan wideo milletparaz äheňli düşürilenlikde tankytlanyp, giň gerimli protestleriň ýüze çykmagyna getirenden soň, ol mawy ekranlardan ýitirim edildi.



Şol wideoda saryýagyz bir zenanyň ýanyna başga milletlerden bolan üç sany erkek adam gelip, özleriniň göreş sungatlaryny görkezýär. Soňra ol zenanyň sudury köpelip, olaryň daş-töweregini gurşap alýar, olary köşeşdirýär. Gyzyň sudurlary bolsa ÝB-niň baýdagyndaky 12 sany ýyldyza öwrülýär.

Ýewropa Komissiýasynyň “Ylym: bu zenanlara degişlidir!” kampaniýasynyň resmi wideosy boýunça nägilelikleriň artmagy mümkin. Belki-de bu başgaça bolar, Jeninngsiň özi hem, Twitter teswirinde ýazyşy ýaly, şony umyt edýär.
XS
SM
MD
LG