Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: şahsyýeti kemsitmek – administratiw düzgün bozma


Çarşenbe güni Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon adama şyltak atmaklygy we onuň mertebesini kemsitmekligi administratiw düzgün bozma diýip häsiýetlendirýän kanunyň proýektini tassyklady.

Mundan ozal Täjigistanda şahsyýete şyltak atmaklyk we onuň mertebesini kemsitmeklik jenaýat işi diýlip hasaplanylýardy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Täjigistanda köp žurnalistler hökümet resmilerine şyltak atmaklykda aýyplanyp, jenaýat jogapkärçiligine çekilipdiler.

ÝHHG guramasy we ynsan hukuklaryny goraýjy käbir beýleki guramalar Täjigistanyň bu täze kanunyny hoşallyk bilen garşy aldylar.
XS
SM
MD
LG