Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Olimpiada 10 sportsmen iberýär


London Olimpiada oýunlaryny häzire çenli üçünji gezek geçirýän ýeketäk şäherdir.
London Olimpiada oýunlaryny häzire çenli üçünji gezek geçirýän ýeketäk şäherdir.
27 iýul - 12 awgust aralygynda Londonda geçiriljek Olimpiada oýunlaryna Türkmenistandan 23 adam barar. Resmi maglumatlara görä, olardan 10-sy sport ýaryşlaryna gatnaşjak sportsmenler.

Türkmenistan 2012-nji ýylyň tomusky Olimpiada oýunlaryna 10 sany sportsmeni iberýär. Resmi maglumatlara görä, 27-nji iýulda Londonda başlanjak bu halkara ýaryşynda türkmen sportsmenleri sportuň bäş görnüşine gatnaşarlar, ýagny boks, agyr we ýeňil atletika, ýüzüş we dzýudo görnüşlerinde çykyş ederler.

Olimpiada oýunlaryna gatnaşjak türkmen sportsmenleriniň türkmen metbugatynda çap edilen sanawyna görä, Londona boksçylar Serdar Hudaýberdiýew we Nursäher Pazzyýew, agyr atletler Ömürbek Bazarbaýew, Tolkunbek Hudaýbergenow we Mansur Rejepow, dzýudoçy Gülnar Haýytbaýewa, ýüzüjiler Sergeý Krowýakow we Jennet Saryýewa, ýeňil atletika boýunça bolsa Mergen Mämedow we Maýsa Rejepowa gider.

Türkmen habar beriş serişdelerine görä, 2012-nji ýylyň Olimpiada oýunlary türkmen sportsmenleriniň toparynyň düzmünde girýän halkara derejeli sport ussady 30 ýaşly Ömürbek Bazarbaýew üçin 4-nji Olimpiada oýunlary bolar. Bazarbaýewiň şeýle-de ençeme halkara iri sport ýaryşlaryna gatnaşanlygy habar berilýär. Ol Aziýanyň 2004-nji ýylda Gazagystanda we 2008-nji ýylda Ýaponiýada geçirilen çempionatlarynda bürünç medallara eýe bolupdy.

Londonda geçiriljek Olimpiada oýunlary Türkmenistanyň ýene bir agyr atleti Tolkunbek Hudaýbergenow üçin ikinji Olimpiada oýunlary bolar. Ol 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiada gatnaşyp, 7-nji orun eýeläpdi. Resmi maglumatlara görä, şu saparky oýunlara gatnaşjak beýleki türkmen sportsmenleri Olimpiada birinji gezek gatnaşarlar.

Halkara Olimpiada komitetiniň howandarlygynda her dört ýyldan bir gezek geçirilýän tomuskly Olimpiada oýunlary 1896-nji ýyldan bäri geçirilýär.

London şol döwürden bäri Olimpiada oýunlaryny üçünji gezek geçirýän ýeketäk şäher bolup durýar. Britaniýanyň paýtagty Olimpiada oýunlaryny 1908-nji we 1948-nji ýyllarda hem geçiripdi.
XS
SM
MD
LG