Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Okuw jaýlaryna mynasyp ýaşlar girmeli’


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetiniň studentleri, 2010.
9-njy iýulda Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin resmi iş kagyzlary kabul edilip başlandy.

Resmi maglumatlara görä, şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna jemi 5766 okuwçy kabul edilip, geçen ýyldaky bilen deňeşdireniňde 711 adam köp alnar. Bu barada Ministrler kabinetiniň 6-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde aýdyldy.

Prezident Berdimuhamedow ýurduň Ministrler kabinetiniň 6-njy iýulda geçen giňişleýin mejlisinde degişli ýolbaşçylara ýokary okuw jaýlaryna kabul etmek çäresinde hiç hili bidüzgünçilige ýol berilmeli däldigini duýdurdy.

Gaýtalanýan duýduryşlar

Şeýle duýduryşlar her ýyl diýen ýaly berilýär. Emma, ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, prezidentiň bu duýduryşyna garamazdan, ýokary okuw jaýlaryna girmekdäki korrupsiýa aradan aýrylman gelýär.

“Gaýtam bu ýagdaý adaty bir zada öwrüldi. Para almak guramaçylykly amala aşyrylýar. Araçylaram bar. Şol araçylaryň arasynda ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň garyndaşlary hem bar” diýip, adyny aýtmazlygy soran 50 ýaşly aşgabatly synçy aýdýar.

50 ýaly synçynyň bu sözleri bilen aşgabatly Mekan hem ylalaşýar. 25 ýaşly Mekan öz bilimine daýanyp, eýýäm iki gezek ýokary okuw jaýyna girjek bolup synanyşyk edipdir. Bu synanyşyklary şowsuz gutaran Mekan daşary ýurtlaryň döwlet tarapyndan iberilýän okuwlaryna hem gitjek bolup synanyşypdyr.

“Emma daşary ýurda gitmek üçinem tanyş-bilşiň bolmaly ýa-da para bermeli. Şonuň üçin men şu ýyl Belorussiýa öz hasabyma okuwa gitjek” diýip, Mekan Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Daşary ýurtda okaýan köpelýär

Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna girip bilmedik türkmen ýaşlary öz hasaplaryna daşary ýurtlara okamaga gitmeli bolýarlar. Ýerli synçylar öz hasabyna daşary ýurtlara okamaga gitmäge isleg bildirýän ýaşlaryň sanynyň bu ýyl hem az bolmajagyny aýdýarlar.

“Daşary ýurtda ýokary hilli bilim alyp bolýar. Şonuň üçin, ýagdaýy bolan ýaşlar, başarsalar daşary ýurtlara okamaga gidýärler. Türkmenistanda bolsa, okuw ýok diýen ýaly. Bärde talyplaryň bilimine seredilmän, olaryň köpçülikleýin çärelere gatnaşygyna seredýärler” diýip, aşgabatly synçy aýtdy.

Ýurt içinde okajak hem az däl

Bilim sistemasynda köp ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa garamazdan, ýurduň ýokary okuw jaýlaryna girmäge isleg bildirýän ýaşlar az däl. Ozalky Politehniki institutyň 2-nji kurs talyby Kerim munuň sebäplerini özüçe şeýle düöündirdi:

“Türkmenistanda okamagyň tapawutly tarapy şundan yabarat, bärdäki diplom bilen hiç hili probemasyz işe girip bolýar. Daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryny tamamalanlara şübheli garalýar. Onsoň daşary ýurt diplomlaryny köplenç ýörite ykrar etdirmeli bolýar” diýip, Kerim aýtdy.

Ministrler kabinetiniň 6-njy iýulda geçen mejlisinde yurt baştutany ýokary okuw jaýlaryna kabul etmek kampaniýasyny yglan edip, ýurduň ýokary okuw jaýlaryna mynasyp ýaşlaryň okamaga girmelidigini aýtdy. Ýurduň okuw jaýlarynda agzalýan "mynasyp" ýaşlara berlen ýerleriň sany bolsa, her ýyl orta mekdebi gutarýanlaryň 5 prosentden gowragyna deň.

Ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin resmi iş kagyzlaryny kabul ediş çäresi iýul aýynyň 28-ine çenli dowam eder. Awgust aýynyň 2-isinden bolsa, giriş synaglary başlanar.
XS
SM
MD
LG