Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaçgak resmi Damaskyň himiki ýarag ulanjagyny duýdurýar


Siriýanyň Yrakdaky öňki ilçisi Nawaf Fares
Siriýanyň Yrakdaky öňki ilçisi Nawaf Fares
Daşary ýurda gaçan ýokary derejeli syýasatçy prezident Başar al-Assadyň režimi häkimiýet başynda galmak üçin himiki ýaraglary ulanmakdan hem gaýtmaz diýýär.

Siriýanyň Yrakdaky öňki ilçisi Nawaf Faresiň BBС-ä aýtmagyna görä, tassyklanmadyk maglumatlar režimiň Homs şäherindäki asuda ilata garşy eýýäm himiki ýarag ulanan bolmagynyň mümkindigini görkezipdir.

Siriýanyň Yrakdaky öňki ilçisi Nawaf Fares prezident Başar al-Assadyň režiminiň we "Al-Kaýdanyň" Siriýanyň çäginde uly bomba hüjümlerini gurnamak boýunça hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdýar.

“Al-Kaýda” we Assad režimi

Damask öň günbatar döwletlerini, Assadyň azlykdaky allawi agalygyna daýanýan režimine garşy söweşmek üçin, sünni topary bolan “Al-Kaýdanyň” jeňçileriniň arkasyny tutmakda aýyplapdy.

Emma öňki ilçi Fares “Al-Kaýdanyň” we Başar al-Assadyň režiminiň “umumy bähbitler” üçin özara öňşuksyzlyklaryny bir gyra goýandyklaryny aýdýar: “Al-Kaýda” ornaşmak üçin ýer we goldaw gözlese, Başar al-Assadyň režimi Siriýanyň halkyna dowul salmagyň ýollaryny gözleýär.”

Nawaf Fares Siriýany dolandyrýan “Baas” partiýasynda we Siriýanyň howpsuzlyk gulluklarynda uly wezipeleri eýeledi. Şeýle-de ol Siriýanyň birnäçe welaýatynyň häkimi bolup işledi.

Nawaz Fares 2008-nji ýyldan geçen hepde wezipesinden çekilýänçä Siriýanyň Yrakdaky ilçisi boldy.

Fares Assadyň režiminiň “ölendigine” we öz halky üçin hiç bir gowulyk edip bilmejegine göz ýetirendigi üçin Siriýadan gaçandygyny aýdýar.

Ol Siriýanyň režimini adamlary öldürmekde, repressiýada we asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerini bombalmakda aýyplap, siriýalylaryň indi Başar al-Assada ynanmagynyň asla mümkin däldigini sözüne goşýar.

Oppozisiýa hüjümini güýçlendirýär

16-njy iýulda Damaskyň birnäçe etrabynda söweş tutaşdy we Azat Siriýa goşunynyň oppozisiýadaky söweşijileri režim güýçlerine garşy “Damask wulknay we Siriýanyň ýer titremeleri” atlandyrylan uly göwrümli operasiýa başlandyklaryny yglan etdiler.

Hökümet güýçleri we oppozisiýa geçen dynç gününden bäri Damaskyň töwereklerinde söweş alyp barýar. Maglumatlara laýyklykda, hökümet güýçleri tanklary, ot açýan wertolýotlary we raketalary ulanýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwerlik kömegi boýunça edarasynyň başlygy Jon Giň Siriýada ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagynyň asuda ilata kömek etmegi örän kynlaşdyrýandygyny, özleriniň hökümet tarapyndan döredilýän ägirt uly syýasy päsgelçilik we konflikt zearly dörän howply şertler astynda işlemeli bolýandyklaryny aýdýar.

Şol bir wagtda BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Kofi Annan sişenbe güni Moskwada Orsýetiň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Siriýa krizisi barada teklip eden täze rezolýusiasy barada gepleşik geçirýär.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 16-njy iýulda Günbatary Siriýa režimine garşy gadaganlyklara goldaw almak üçin Moskwany gorkuzmaga synanyşmakda aýyplady.
XS
SM
MD
LG