Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalar baglary ýene basyş astynda


Aşgabadyň 12- nji çagalar bagynyň girelgesi. Aşgabat, iýul, 2012.
Aşgabadyň 12- nji çagalar bagynyň girelgesi. Aşgabat, iýul, 2012.
Çagalar baglarynyň terbiýeçileri soňky günler Aşgabadyň çagalar baglaryna paýtagtyň şäher magaryf bölüminden ýörite komissiýanyň aýlanyp, çagalar baglarynyň topar otaglarynyň remont edilmelidigi barada tabşyryk berýändigini aýdýarlar.

Terbiýeçileriň aýtmaklaryna görä, tabşyryk boýunça remont işleri belli bir wagtda tamamlanmaly hem edilipdir.

Hepdäniň duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtyň we welaýatlaryň häkimlerine 1-nji sentýabra çenli ähli orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda degişli abatlaýyş işlerini doly tamamlamak barada görkezme berdi. Häzirki tabşyryklar hem şondan soň başlandy.

“Maňa topar otagyny 27-nji iýulda remont edip gutarmalydygymy aýtdylar” diýip, Aşgabadyň 12- nji çagalar bagynyň terbiýeçisi aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, bu komissiýanyň agzasy toparyň otaglarynyň diňe biriniň remonty üçin pul beriljekdigini aýdypdyr.

“Toparyň galan iki otagyny ene-atalardan pul ýygnap, remont ediň diýip aýtdylar. Indi ene-atalardan pul ýygnamaly. Soň ussa tapmaly” bu terbiýeçi gürrüň berýär.
Terbiýeçiniň aýtmagyna görä, ol ýakynda ene-atalar ýygnagyny geçirip, olara 30 manatdan pul goşmalydygyny aýdypdyr.



Emma terbiýeçi bu puluň käbir ene-atalar üçin az pul däldigini aýdýar: “30 manadyň az ýaly bolup görünmegi-de ähtimal. Emma her kim bu puly goşup bilmeýär. Şonuň üçin, öz aýlygymdan hem pul goşmaly bolýaryn”.

Munuň bilen cäklenmeýär

Bu çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň ene-atalarynyň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, olar her aý dürli harajatlar üçin hem pul goşmaly bolýarlar. Topar otaglary üçin elektrik peçlerini, kondisioner ýa-da haly satyn almak üçin ene-atalardan pul ýygnalýandygyny olar aýdýarlar.

Şeýle-de, olar çagalar baglaryna edilýän tölegiň üstesine, ownuk-uşak zatlary satyn almak üçinem her aý goşmaça 2 manat töleýän ekenler.

Çagalar baglarynyň topar otaglaryny ene-atalardan pul ýygnap remont etmek o diýen geň ýagdaý däl. Ýylyň dowamynda dürli remont işleri üçin birnäçe gezek ene-atalardan pul ýygnalýan halatlary hem seýrek däl. Emma bu gezek remont işleri bellenilen wagtda tamamlanmasa, toparyň terbiýeçisiniň işden boşadyljakdygy duýdurylypdyr.

“Indiki bäşinji güni remont edilip gutarylmaly. Ýogsamam, işden çykaryljakdygymy duýdurdylar” diýip, 12-nji çagalar bagynyň adynyň agzalmagyny islemedik terbiýeçisi gürrüň berýär.

Çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalaryň ene-atalaryndan dürli maksatlar üçin pul ýygnamak adaty ýagdaýa öwrülipdir. 12-nji çagalar bagynda ogly terbiýelenýän 34 ýaşly Merediň aýtmagyna görä, şu ýyl onuň oglunyň terbiýelenýän toparynyň bir otagynyň remonty üçin ene-atalar bolup 20 manatdan pul toplandyklaryny aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, her gezek toparyň otagynyň remonty üçin ene-atalardan pul ýygnalýar. Şeýle-de, topara gerek bolan başga zatlar üçin hem her aý diýen ýaly pul ýygnalýar .

Kanun bozulýar

Aslyýetinde çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalaryň ene-atalaryndan pul ýygnamaklygyň kanun taýdan gadagandygyny çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň käbirleri özara söhbetdeşlikde aýdýarlar.

Emma ene-atalardan pul ýygnamaklyga ýokardan mejbur edýändiklerini 12-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, bu gezekki remont baradaky tabşyryklar ýurt baştutanynyň hökümet maslahatynda täze okuw ýylynyň başlanmazyndan öň okuw jaýlarynyň ählisiniň remont edilmelidigi baradakay görkezmesi bilen bagly.

“Bu hili komissiýalar häzir orta mekdeplere hem barýarlar. Mekdeplerdäki remont işleriniň alnyp barlyşyna hem gözegçilik edýärler” diýip, 12-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi gürrüň berýär.

Orta mekdepleriň klas otaglarynyň remonty üçin hem her ýyl okuwçylaryň ene-atalaryndan pul ýygnalýandygy barada ildeşlerimiz gürrüň berýärler.

Orta mekdepleriň mugallymlarynyň-da, öz wagtynda remont işlerini tamamlamasalar, zähmet rugsadyna goýberilmeýändigini mekdep mugallymlarynyň käbirleri özara gürrüňdeşlikde aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG